Alymlar: smartfonyň ekranynda barmagyň süýşýän sesi boýunça onuň yzyny täzeden dikeldip bolar

  • 23.02.2024 17:50
  • 10k+

Alymlar smartfonda barmagyň süýşýän sesiniň barmak yzlaryny dikeltmek üçin ulanylyp bilinjekdigini anykladylar diýip, Tom's Hardware neşiri habar berýär.

Häzirki wagtda smartfonlarda we beýleki enjamlarda ulanylýan barmak yzynyň howpsuzlyk tehnologiýasy, öň pikir edişimiz ýaly, edil howpsuz hem däl eken.
ABŞ-ly we hytaýly gözlegçiler topary barmak duýgur ekranyň ýüzünden süýşende çykýan sesi seljermek arkaly, adamyň papillýar çyzyklarynyň çyzgysyny täzeden gurup bilýän PrintListener atly usuly döretdi. Munuň üçin jenaýatça pidanyň smartfonyndaky mikrofony düzüp bilse, şeýle hem ulanylýan programmalarda (Diskord, Skype, WeChat, FaceTime ýaly) barmagyň süýşýän sesini ýazga alsa bolany.

“Hakyky ssenarilerde” bu usul 25% -den gowragynda barmak yzlaryny bölekleýin we 9,3% -de doly üstünlikli dikeltdi.

Barmak yzy esasly howpsuzlyk tehnologiýasy giňden ýaýrandyr we, köplenç, ygtybarly hasaplanýar - eger häzirki depgininde ösmegini dowam etdirse, 2032-nji ýyla çenli barmak yzyny tassyklamak çözgütleri bazary, takmynan, 100 milliard dollara ýeter. Şol bir wagtyň özünde jenaýatçylaryň barmak yzlaryny ogurlamagy  başarjakdygy kem-kem äşger bolýar. Şonuň üçin adamlar suratlarda ellerini barha seýrek görkezýärler.
Täze gözlegiň netijeleri, biometrik maglumatlary goramagyň has kämil usullaryny ösdürmegiň zerurdygyny görkezýär.


düýn 10:53
1.8k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.7k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.6k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....