Gurbanguly Berdimuhamedow 2024-nji ýylda ýurdumyzy ösdürmegiň Maksatnamasyndaky wezipelerden gelip çykýan aýratynlyklar barada aýtdy

  • 23.02.2024 16:24
  • 17k+

22-nji fewralda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklygynda Maslahatlar merkezinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi geçirildi.

«Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça gaýragoýulmasyz wezipeler mejlisiň esasy meselesi boldy. Şeýle hem onuň gün tertibine Halk Maslahatynyň işiniň esasy ugurlary boýunça Türkmenistanyň Mejlisi, ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde şu ýyl ýerine ýetirilmeli işleriň esasy ugurlary boýunça çäreleriň Meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşmak bilen bagly meseleler girizildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlaryň öňünde eden maksatnamalaýyn çykyşynda  «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň» takyk hasaplamalara, ýetilen sepgitlere daýanmak bilen, maliýe-ykdysady taýdan, maýa goýumlaryň maksadalaýyklygy nukdaýnazaryndan esaslandyrylandygyny belläp, onda öňde goýlan wezipelerden we maksatlardan gelip çykýan aýratynlyklar barada aýdyp, birinjiden, ykdysady, senagat, önümçilik häsiýetli maksatlara ünsi çekdi.
Nygtalyşy ýaly, ilkinji nobatda, ýurduň içerki mümkinçiliklerini doly ulanmak bilen, döwletimiziň durnukly ösmegini üpjün etmäge, pudaklaryň we sebitleriň ösüşine gönükdirilen çäreler göz öňünde tutulýar. Önümçilik kärhanalarynyň kuwwatlyklarynyň doly işledilmegini gazanmak, gaýtadan işleýän senagaty ösdürmek, eksporty artdyrmak we importyň ornuny tutýan önümçilikleri ösdürmek, ekologik taýdan arassa, ýokary hilli oba hojalyk we beýleki azyk önümleriniň öndürilişini artdyrmak, amatly işewürlik gurşawyny döretmek esasy maksatlaryň hatarynda görkezilendir. Maýa goýumlaryň esasy ugurlarynda bolsa senagat pudaklaryny ösdürmek, innowasion kärhanalary, täze önümçilikleri döretmek, oba hojalygyny özgertmek we azyk üpjünçiligini has-da gowulandyrmak, gaýtadan işleýän ugurlary ösdürmek esasy maksatlaryň hatarynda bellenildi.
Ikinjiden, ol söwda we hyzmatlar ulgamyny ösdürmek üçin maksatlardan ybaratdyr. Ykdysadyýetiň netijeli işlemegi, önüm öndürijileriň düşewüntli bolmagy, täze iş ýerleriniň döredilmegi, aýlyk zähmet haklarynyň we ilatyň girdejileriniň ýokarlanmagy tölege ukyplylygyň ösmegine, bazarlarda harytlary sarp edijilik isleginiň ýokarlanmagyna, dürli hyzmatlardan peýdalanýanlaryň artmagyna getirýär. Hormatly Prezidentimiziň syýasatynda bu ugurlara hem uly üns berilýär. Şunda azyk önümlerine, ilatyň ilkinji sarp edýän harytlaryna ösýän islegleri kanagatlandyrmak maksady bilen, söwdany, ulag, ýaşaýyş jaý-jemagat, durmuş we beýleki hyzmatlar ulgamyny ösdürmek esasy wezipeleriň biri bolup galýar.
Üçünjiden, Maksatnamanyň durmuş häsiýetli maksatlary öňe sürülýär. Täze iş orunlarynyň döredilmegine we ilatymyzyň durmuş taýdan goraglylygynyň berk üpjün edilmegine gönükdirilen çärelere uly üns berilýär. Maýa goýumlar durmuş maksatly desgalaryň, şol sanda ýaşaýyş jaýlarynyň, aýratyn mätäçlik çekýän raýatlar üçin niýetlenen ýaşaýyş jaýlarynyň, saglygy goraýyş desgalarynyň, orta mekdepleriň, çagalar baglarynyň, awtomobil ýollarynyň, suw, gaz, elektrik geçirijileriň, aragatnaşyk ulgamlarynyň, suw arassalaýjy desgalaryň, ulag we beýleki durmuş hyzmatlarynyň ösdürilmegine gönükdirilýär.
Dördünjiden, Maksatnamada ähli ugurlar boýunça amala aşyrylmaly işler, öňdebaryjy tehnologiýalary, sanly ulgamlary giňden ornaşdyrmak, amatly işewürlik gurşawyny döretmek, döwlete dahylsyz bölegi ösdürmek esasy maksat edilip goýlan.
Mejlisiň dowamynda ýurdumyzyň içerki ösüşi bilen bagly käbir görkezijilere üns çekildi.


düýn 16:13
2.1k+

Türkmenistanyň dokma kärhanalary Ýewropa bazarlaryna çykmagyň ýoluny öwrenýär

13-nji aprelde Aşgabatda Türkmenistanyň kiçi we orta telekeçiliginiň wekilleri üçin eksport taýýarlygyny ýokarlandyrmaga hem-de ýerli dokma öndürijilerini Ýewropa Bileleşiginiň bazaryna goşmaga bagyşlanan okuw......

düýn 16:06
948

Türkmenistan BMG-niň ösüş üçin ylym we tehnologiýalar baradaky toparyna saýlandy

2026-njy ýylyň 8-nji aprelinde BMG-niň Nýu-Ýorkdaky ştab-kwartirasynda Türkmenistan 2027-nji ýyldan 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Guramanyň ösüş üçin ylym we tehnologiýalar baradaky toparynyň agzalygyna......

düýn 11:38
929

Raşid Meredow Italiýanyň täze bellenen ilçisi bilen duşuşdy

14-nji aprelde daşary işler ministri Raşid Meredow Italiýanyň Türkmenistandaky täze bellenen ilçisi Martin Brugy kabul etdi. Diplomat özüniň ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy....

14.04.2026 14:32
5.3k+

Serdar Berdimuhamedow Yragyň saýlanan Prezidentini gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Nizar Amedini Yrak Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy mynasybetli gutlady. Bu barada TDH habar berýär....