Opel Mokka, Audi Q8 we Jaguar I-Pace iň ygtybarsyz krossowerleriň sanawyna girdi

  • 23.02.2024 16:06
  • 6.4k+

«What Car?» britan awtoulag žurnaly iň ýaramaz elektrik krossowerleriniň sanawyny düzdi. Iň ygtybarsyz awtoulaglaryň sanawyna «Audi Q8 e-tron», «Jaguar I-Pace» we «Opel Mokka» ulaglary girdi.

Her ýylda geçirilýän ygtybarlylyk barlagynyň çäklerinde 21 müň sürüjiden soňky iki ýylda ulaglarynda ýüze çykan näsazlyklar we kemçilikler, abatlaýyş çykdajylary we dowamlylygy barada sorag edildi. Gözlegiň netijelerine esaslanyp, 32 brendiň 178 modeli barada maglumat ýygnaldy.
Gözlegiň netijelerine görä, iň ygtybarsyz krossower «Opel Mokka Electric» (britan bazarynda «Vauxhall») boldy. Onda sürüjileriň 40%-i batareýadaky näsazlyklar, 27%-i media ulgamy, 13%-i motor, elektrik we rul sebäpli nägilelik bildirdiler. «Jaguar I-Pace» hem pes ygtybarlylyk görkezdi: awtoulag eýeleriniň 42%-i näsazlyklar sebäpli nägilelik bildirdi. Şol bir wagtyň özünde, kemçilikleriň 58%-ni aradan aýyrmak üçin bir hepdeden gowrak wagt gerek boldy, şolardan 35%-i ewakuator bolmazdan hyzmat ediş merkezine baryp bilmedi.
Anti-reýtinge girizilen üçünji model «Audi Q8» krossoweriniň elektrik görnüşi boldy. Sorag edilen ulag eýeleriniň 40%-i näsazlyklardan şikaýat etdiler. Esasy meseleleriň arasynda sürüşe degişli bolmadyk elektrik enjamlary, şeýle hem media ulgamy bar.


25.06.2026 08:11
2k+

Audi kompaniýasy ýolyşykda özi durýan täzelenen A3 hataryny hödürledi

Audi kompaniýasy täzelenen A3 awtoulag hataryny tanyşdyrdy. Bu hatara sedan, hetçbek we RS3 sport wersiýasy girýär. Esasy üýtgetmeler ulagyň içerki salonyna hem-de sürüjä kömek edýän elektron ulgamlara degişli......

24.06.2026 18:36
4.6k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

24.06.2026 17:04
3.3k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....