Türkmenistan BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Içerki ulag komitetiniň mejlisinde çykyş etdi

  • 22.02.2024 16:56
  • 3k+

“Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň başlygy 20-23-nji fewral aralygynda Ženewada geçirilýän Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Içerki ulag komitetiniň her ýylky 86-njy mejlisine gatnaşdy. Bu barada agentligiň saýtynda habar berilýär.

ABŞ-nyň, Niderlandlaryň, Nigeriýanyň we Saud Arabystanynyň degişli edaralarynyň ýolbaşçylary bilen bir hatarda, agentligiň başlygy “2050-nji ýyla çenli içerki ulaglaryň dekarbonizasiýa geçmegine milli garaýyşlar we syýasy nukdaýnazarlar” atly mejlisinde, halkara “Ýaşyl port” talaplaryna laýyklykda gurlan Türkmenbaşy Halkara deňiz portuny tanyşdyryp çykyş etdi. Mejlisiň çäklerinde UNFCCC, IRF we UNCTAD ýaly halkara guramalaryň wekilleri hem çykyş etdiler.
Hazar deňziniň ekologiýasyny aýawly saklamak maksady bilen, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň terminallarynyň hersinde bio arassalaýjy enjamlar oturdyldy we desganyň içinde ýerleşýän enjamlar elektrik energiýasy bilen işleýän we tebigata zyýansyz tehnologiýalar bilen ornaşdyrldy. Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda galyndylaryň we zyňyndylaryň daşky gurşawa edýän täsirini azaltmak ýörelgesi giňden ulanýar.
Parnik gazynyň we metanyň atmosfera zyňylmagynyň ýaramaz netijelerini azaltmak we ýok etmek Türkmenistanyň daşky gurşaw strategiýasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar.
Häzirki wagtda gämilere bunkerleme hyzmatlaryny ýerine ýetirmegiň çäklerinde halkara talaplaryny berjaý etmek maksady bilen, «Bunker ýangyjy bilen hapalanmakdan ýeten zeper üçin raýat jogapkärçiligi barada halkara konwensiýasyna» (BUNKER-2001) goşulmak barada degişli işler geçirilip, Halkara Deňiz Guramasy (HDG) tarapyndan Türkmenistanyň Konwensiýa goşulmagy makullanyldy. Konwesniýa ýurdumyz üçin 2024-nji ýylyň 23-nji aprelinden başlap güýje girýär.
Çykyş edenler içerki ulagda parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça alnyp barylýan tejribeler we işler barada gürrüň berdiler, şeýle hem, dünýäde parnik gazlarynyň 72% göterimi ulag pudagyna degişlidigini belläp geçdiler.
Ýurdumyzyň energiýa, senagat we ulag pudaklarynda häzirki zaman ekologiki, arassa we serişdeleri tygşytlaýan tehnologiýalary, işjeň ornaşdyrýandygyny we ulanýandygyny bellemek gerek. Muňa mysal hökmünde, 2023-nji ýylda Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna ISO 14001 “Daşky gurşawy dolandyryş ulgamy”  şahadatnamasynyň we halkara “EkoPorts” şahadatnamasynyň berilendigini getirmek bolar.


şu gün 16:30
369

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

şu gün 12:20
596

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:20
6.6k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

11.06.2026 13:44
3.4k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......