Serdar Berdimuhamedow Hindistanyň täze bellenen ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi

  • 20.02.2024 22:35
  • 4.9k+

20-nji fewralda Hindistanyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Madhumita Hazarika Bhagat Prezident Serdar Berdimuhamedowa ynanç hatyny gowşurdy. 

Diplomat döwlet Baştutanyna Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Draupadi Murmunyň we ýurduň Premýer-ministri Narendra Modiniň mähirli salamyny hem-de ähli türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. 
Duşuşygyň barşynda bellenilişi ýaly, Hindistan Respublikasy Günorta Aziýa sebitinde Türkmenistanyň iň möhüm hyzmatdaşlarynyň biridir.
Türkmenistan  we Hindistan söwda-ykdysady ulgamda, şol sanda ýangyç-energetika we ulag ulgamlary, oba hojalygy, dokma senagaty ýaly pudaklarda netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Özara bähbitli hyzmatdaşlygy uzakmöhletli esasda ösdürmek üçin uly mümkinçilikler bar. Munuň özi, ilkinji nobatda, energetika we ulag pudaklarynda alnyp barylýan hyzmatdaşlyga degişlidir. 
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan – Owganystan – Pakistan - Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisiniň taslamasynyň durmuşa geçirilmeginiň ähmiýeti bellenildi.
Saglygy goraýyş ulgamy hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde görkezildi. Köp ýyllaryň dowamynda bu ulgamda netijeli gatnaşyklar ýola goýuldy. Derman serişdelerini bilelikde öndürmek boýunça hindi kompaniýalary bilen netijeli hyzmatdaşlyk munuň aýdyň mysaly bolup durýar. 
Ynsanperwer ulgamdaky gatnaşyklar – ylym, bilim we medeni ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk döwletara gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegi bolup durýar.
Diplomat öz tarapyndan däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmaga hemmetaraplaýyn ýardam berjekdigine ynandyrdy.  


düýn 19:38
3.9k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.5k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

26.06.2026 08:04
7.1k+

Dünýäde hatardan çykan her üç gäminiň biri Hindistanda gaýtadan işlenildi

Hindistan köne gämileri gaýtadan işlemek boýunça dünýäde birinji orna geçdi. BMG-niň Söwda we ösüş boýunça geňeşiniň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylda ulanyşdan aýrylan we gaýtadan işlemäge ugradylan......