ABŞ-da güýçli sowuk almany bejerýän ilkinji derman tassyklandy

  • 21.02.2024 06:32
  • 7.9k+

ABŞ-nyň Azyk önümleriniň we derman serişdeleriniň hiline gözegçilik müdirligi (FDA) ulularda sowuk almany bejermek üçin ilkinji derman serişdesini tassyklady. Düzgünleşdirijiniň web sahypasynda aýdylyşyna görä, Aurlumyn sanjym dermanynyň düzüminde gan damarlaryny giňeldýän we ganyň uýamagynyň öňüni alýan madda bolan iloprost bar.

FDA-nyň Derman serişdelerine baha bermek we gözleg merkeziniň kardiologiýa we nefrologiýa bölüminiň müdiri Norman Stokbrij: "Bu tassyklama näsaglara güýçli sowuk almany bejertmegiň ilkinji wariantyny hödürleýär" -diýdi.

Derman elleriň ýa-da aýaklaryň barmaklaryny kesilmek töwekgelçiligini azaldar diýip bellenilýär. Sowuk alma birnäçe tapgyrda bolup geçýär: medisinanyň  gatyşmagyny talap etmeýän we derä hemişelik zeper ýetirmeýän ýeňil görnüşden başlap, agyr görnüşde: deriniň we dokumanyň doňup, gan aýlanyşynyň kesilmegine çenli bolup biler.
Aurlumyn 1996-njy we 2008-nji ýyllar aralygynda güýçli sowuk alma sezewar bolan 47 sany uly ýaşly adamda öwrenildi. Netijeler iloprost alan näsaglarda  amputasiýanyň zerurdygyny görkezýän alamatlar ýedilenji gün diýende ep-esli azalyp başlaýandygyny görkezdi.
Şol bir wagtyň özünde, Aurlumynyň zyýanly täsirleri hem bar, iň köp ýaýranlary kellagyry, gyzarma, ýüregiň çalt urmagy, ýürek bulanma, gusmak, baş aýlanma we gipotenziýa (gan basyşy gaty pes).


20.06.2026 12:08
7.7k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.4k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......