18-nji fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Magtymguly Pyragynyň parahatçylyk taglymaty we Bitarap Türkmenistanyň diplomatiýasy» atly halkara maslahat we institutyň «Diplomatik protokol» atly ýöriteleşdirilen okuw merkeziniň açylyş dabarasy geçirildi.
Diplomatik protokol Hökümetler, daşary syýasat edaralary, diplomatik wekilhanalar hem-de beýleki resmi adamlar tarapyndan halkara gatnaşyklar boýunça berjaý edilýän düzgünleriň, däpleriň we şertleriň toplumydyr. Protokolyň düzgünleri «halkara sypaýyçylyk» diýlip atlandyrylýan ýörelgä esaslanýar.
Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli geçirilen maslahata Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň ýurdumyzdaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, milli diplomatik gullugyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary hem-de talyplar gatnaşdylar.
Institutyň eýwanynda ýörite sergi guraldy, şeýle-de türkmen diplomatiýasynyň taryhyny, bu ýokary okuw mekdebiniň döredilişini beýan edýän wideofilm görkezildi.
Maslahata gatnaşyjylaryň çykyşlarynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzyň köpugurly halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge, sebit hem-de ählumumy derejede Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde dünýä bileleşiginiň tagallalaryny birleşdirmäge gönükdirilen netijeli daşary syýasy ugry yzygiderli durmuşa geçirýändigi bellenildi. Bu öňdengörüjilikli strategiýa hem-de döwlet Baştutany tarapyndan öňe sürülýän döredijilikli başlangyçlar giň goldawa eýe bolýar.
Maslahatda BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy, Germaniýanyň, Eýranyň, Italiýanyň we Türkiýäniň ýurdumyzdaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileri hem çykyş etdiler.
Maslahatyň barşynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň işgärlerine ýokary talaplaryň bildirilýändigine ünsi çekdiler.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.
Milli senenamamyzda orun alan bu şanly baýram mynasybetli ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli, oňyn daşary syýasatynyň durmuşa geçirilmegine, daşary ýurtlar bilen dürli ulgamlarda gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna, iri halkara guramalar bilen netijeli dialogyň giňeldilmegine goşan şahsy goşantlary hem-de Watanymyzyň öňünde bitiren beýleki hyzmatlary üçin diplomatik gullugyň işgärlerine “Türkmenistanyň ussat diplomaty” diýen tapawutlandyryş nyşany hem-de degişli şahadatnamalar gowşuryldy. Asylly däbe görä, hünär baýramynyň şanyna Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýandyklary üçin diplomatik gullugyň ýaş işgärlerine we Halkara gatnaşyklary institutynyň şu ýyl okuwy tamamlaýan tapawutlanan talyplaryna Daşary işler ministrliginiň diplomlaryny gowşurmak dabarasy hem boldy.
Maslahat tamamlanandan soňra, ýokary okuw mekdepleriniň döredijilik toparlarynyň gatnaşmagynda baýramçylyk konserti geçirildi.