Aziýada hek döwrüniň iň uly dinozawry anyklanyldy

  • 21.02.2024 06:23
  • 5.9k+

RYA-nyň A.A.Borisýak adyndaky paleontologiýa instituty öz saýtynda Sibir psittakozawrynyň kelle süňküniň öwrenilişiniň netijelerini habar berdi. Gözlege görä, Aziýada hek döwründe (129,4-113,0 mln ýyl mundan ozal) psittakozawrlar giňden ýaýran we agalyk ediji jandarlar bolupdyr. Bu barada news-m.ru belleýär.

Sibir psittakozawry 1953-nji ýylda Kemerowo sebitinde tapyldy. Dinozawrlaryň bu görnüşi Gündogar Aziýadaky, esasanam, Mongoliýadaky we Hytaýdaky tapyndylaryň üsti bilen mälimdi. Psittakozawrlar 130-100 mln ýyl mundan ozal ýaşap geçipdirler.
1997-nji ýylda Şestakowo obasynyň töwereklerinde psittakozawrlaryň gowy saklanan jübüt skeleti tapyldy we ol “Romeo we Juletta” diýlip atlandyryldy. Soňrak onuň Sibir psittakozawry - Psittacosaurus sibiricus hökmünde häsiýetlendirilen täze biologiki görnüşdigi kesgitlenildi.
2014-nji ýylda dürli ululykdaky 12 sany psittakozawr skeleti tapyldy we bu paleontologlara dinozawrlaryň ýaş bilen baglanyşykly üýtgeýşini öwrenmäge mümkinçilik berdi. Kompýuter tomografiýasynyň kömegi bilen 2014-nji ýylda tapylan psittakozawrlaryň iki kelle süňki öwrenildi – ýaş we uly. Bu hem Sibir psittakozawrynyň kelle süňküniň jikme-jik anatomiýasy barada täze maglumatlary berdi.


düýn 10:53
1.9k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.7k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.6k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....