Türkmenistanyň DIM-inde “Fransiýa-Türkmenistan” Söwda palatasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirildi

  • 18.02.2024 15:01
  • 2.1k+

16-njy fewralda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa bilen “Fransiýa-Türkmenistan” Söwda palatasynyň ýolbaşçysy Mari-Elen Beraryň arasynda duşuşyk geçirildi diýip, türkmen daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Fransiýanyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösüşindäki oňyn netijeleri kanagatlanma bilen bellediler. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistan bilen fransuz kompaniýalarynyň arasynda energetika pudagynda, nebit-gaz toplumynda, ulag we saglygy goraýyş ulgamynda işewürlik hyzmatdaşlygy ýola goýmak mümkinçiliginiň bardygy nygtaldy.
Suw baýlyklaryny tygşytlamaga we rejeli peýdalanmaga gönükdirilen Türkmenistanyň suw hojalygy pudagy boýunça hyzmatdaşlygyň geljegine aýratyn üns berildi.
Duşuşykda M.Bäşimowa “Fransiýa-Türkmenistan” Söwda palatasynyň ýurtlarymyzyň arasyndaky söwda we ykdysady hyzmatdaşlygy güýçlendirmäge işjeň gatnaşmagynyň ähmiýetini belledi.


şu gün 18:54
813

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

şu gün 17:39
617

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......