Kiýewdäki Magtymguly muzeýine türkmen milli gymmatlyklary gowşuryldy

  • 18.02.2024 14:57
  • 6.2k+

15-nji fewralda Kiýew şäherindäki Magtymguly kitaphanasynda Türkmenistanyň Ukrainadaky ilçihanasy dabaraly ýagdaýda kitaphananyň çäginde ýerleşýän Magtymguly muzeýine Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan iberilen türkmen milli medeni-mirasynyň gymmatlyklaryny we dürli dillerdäki kitaplaryny gowşurdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berdi.

Kabul ediji tarap ýubileý ýylynda aýratyn ähmiýete eýe bolan we türkmen nusgawy şahyrynyň mirasyny has giňişleýin öwrenmäge we ýaýratmaga niýetlenen bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyklar üçin minnetdarlyk bildirdiler.
Indi Magtymguly muzeýinde halk senetçiliginiň önümlerini, nepis dokalan haly önümlerini, zenanlaryň milli şaý-seplerini, türkmen milli egin-eşiklerini we baş gaplaryny, milli saz gurallaryny, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň heýkelini, kanwada dokalan we zehinli türkmen suratkeşleriniň çeken suratlaryny görüp bolar.
Kitaphananyň kitap gaznasy we muzeý türkmen edebiýaty, hususan-da Serdar Berdimuhamedowyň we  Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplary hem-de ýurdumyzyň taryhy, medeniýeti, binagärligi we türkmen halkynyň görnükli şahyry Magtymguly Pyragy we onuň bahasyna ýetip bolmajak şahyrana mirasy baradaky neşirler bilen dolduryldy.
Duşuşygyň dowamynda taraplar Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan bilelikdäki çäreleriň meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşdylar.


19.06.2026 10:10
3.5k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.4k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

18.06.2026 09:53
2k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:24
7.2k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......