Asmanyň rentgen görnüşi. Astronomlar älemi täze bir nukdaýnazardan görkezdiler

  • 16.02.2024 20:42
  • 14k+

Maks Plank adyndaky Ýerden daşarky fizika institutynyň eROSITA konsorsiumynyň astronomlary asmanyň rentgen şöhlesinde nähili görünýändigini görkezdiler.

Nowini Yu neşiriniň habar berşi ýaly, alymlar eROSITA teleskopy arkaly düzülen rentgen asmanynyň täze kartasyny hödürlediler. Onda rentgen şöhleleriniň 900 000 dürli çeşmesi barada maglumat bar, bu rentgen astronomiýasynyň tutuş taryhynda ýüze çykarylandan birnäçe esse köpdür.
Rentgen astronomiýasy älemdäki iň güýçli hem-de aldym-berdimli hadysalary we obýektleri öwrenmäge mümkinçilik berýär. Olara ýagty kwazarlar, adatdan daşary partlamalar, galaktikalaryň arasynda gyzgyn gaz akymlary we gyzgyn ýaş ýyldyzlar degişlidir.
eROSITA Spektrum-RG hemrasyndaky ýumşak rentgen şöhleli  teleskop. Onuň ERASS1 diýlip atlandyrylýan ilkinji asman gözlegi 2019-njy ýylyň 12-nji dekabryndan 7 aýyň dowamynda geçirildi. Netijede, rentgen asmanynyň ýarysyny gurşaýan maglumatlar toplumy alyndy.
Rentgen asmanynyň täze kartasy astronomlara galaktikalaryň we olaryň toparlarynyň ewolýusiýasyny öwrenmäge, gara deşikleri we neýtron ýyldyzlaryny öwrenmäge, şeýle-de, kosmiki jisimleriň täze görnüşlerini tapmaga mümkinçilik berer.


düýn 10:53
1.8k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.6k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.5k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....