2023-nji ýylda Ýewropa boýunça syýahat pandemiýadan öňki derejesine golaýlady

  • 17.02.2024 23:56
  • 6k+

2023-nji ýylyň dördünji çärýeginde Ýewropa yklymyna syýahatçylyk akymy pandemiýadan öňki derejesine golaýlady. Bu barada Ýewropanyň syýahatçylyk komissiýasynyň (ETC) maglumatlaryna salgylanyp, Interfax.ru habar berýär.

“2023-nji ýylyň soňky çärýeginde daşary ýurtly syýahatçylaryň gelmeleriniň sany 2019-njy ýyldaky görkezijiden 1,6%, myhmanhanalarda gijelerine galmalaryň sany bolsa bary-ýogy 0,6% pes boldy. Bu tutuş Ýewropa boýunça gezelençlere bolan islegiň durnuklydygyny görkezýär. Bu tendensiýanyň 2024-nji ýylda hem saklanmagyna garaşylýar” – diýlip, ETC-niň habarynda aýdylýar.

Komissiýa syýahatçylyk pudagynyň Ýewropa sebitinde işjeň gezelençleriň we Demirgazyk Amerikadan hem Aziýa-Ýuwaş umman sebitinden syýahatçylaryň sanynyň artmagynyň hasabyna dikelýändigini belleýär. 2023-nji ýylda Germaniýadan, Fransiýadan we Niderlandlardan syýahatçylar Ýewropa boýunça has köp syýahat etdiler.
Komissiýanyň maglumatlaryna görä, Hytaýdan syýahatçylyk akymy pandemiýadan öňki 2019-njy ýyldaky görkezijiden üçden bir dikeldildi. 2024-nji ýylda onuň pandemiýadan öňki görkezijiniň 61%-ine barabar bolmagyna garaşylýar.


25.06.2026 23:36
5.6k+

Syýahatçylaryňky çüwmedi: Eýfel diňi möhletinden öň ýapyldy

Fransiýadaky aşa yssy howa birnäçe meşhur syýahatçylyk ýerleriniň iş tertibiniň üýtgemegine getirdi. Ilkinjileriň hatarynda adaty wagtyndan öň ýapylan bolsa, Pariždäki Eýfel diňi boldy....

23.06.2026 09:50
5k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6.2k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......