Brýusselde Türkmenistanyň daşary we içeri syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary beýan edildi

  • 16.02.2024 11:52
  • 5.6k+

12-nji fewralda Türkmenistanyň Brýusseldäki ilçihanasynyň gurnan brifinginde diplomatik wekilhananyň başlygy Sapar Pälwanow Türkmenistanyň daşary we içeri syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryny beýan etdi, “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” şygary astynda geçen 2023-nji ýylda ýetilen sepgitlerini belläp geçdi we 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary bilen tanyşdyrdy.

Çärä dürli ýurtlaryň KHBS-niň baş direktorlary, baş redaktorlary we habarçylary, şol sanda EU Reporter, EU Today, Buscardini Communications, Diplomatic World, KazInform we Sekai Magazine. ýaly meşhur neşirler we habar beriş agentlikleri gatnaşdylar. Mundan başga-da, brifing Belgiýanyň diplomatiki, akademiki jemgyýetiniň wekilleriniň, Ýewropa Bileleşiginiň we Ýewropa parlamentiniň ünsüni özüne çekdi. Bu bolsa öz gezeginde Türkmenistanyň syýasatyna we medeni başlangyçlaryna düýpli gyzyklanma bildirýändigini görkezdi.
Brifingde ýurduň bitaraplyga, parahatçylyga we ählumumy howpsuzlyga ygrarlydygyna ünsi çekip, Türkmenistanyň daşary we içeri syýasy strategiýasy barada umumy syn berildi. Şol sanda Ilçi S.Pälwanow Türkmenistanyň Ählumumy howpsuzlyk strategiýasynyň işlenilip düzülişine işjeň gatnaşýandygyny we sebitleýin parahatçylygy üpjün etmek ugrundaky edilýän tagallalara goşýan goşandyny belläp geçdi. Şeýle hem BMG-niň Baş Assambleýasynyň parahatçylyga we bitaraplyga gönükdirilen gepleşikleri baradaky kararnamalaryň kabul edilmeginde Türkmenistanyň başlangyçlarynyň ähmiýeti nygtaldy.
Brifingiň esasy bölegi ykdysady diplomatiýa bagyşlanyp, diplomatik wekilhananyň ýolbaşçysy gurluş özgertmeleri, ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmakdaky tagallalar we Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda guramasyna (BSG) goşulmagyndaky öňegidişlikleri dogrusynda giňişleýin gürrüň berdi. Şu nukdaýnazardan energetika, ýaşyl energiýa geçiş we ulag diplomatiýasy, şol sanda BMG-niň durnukly ulag ulgamyna degişli kararnamalaryny öz içine alýan ýurtlar ýaly möhüm meseleler gozgaldy. Mundan başga-da, COP-28 dowamynda Türkmenistanyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulýandygyny yglan etmegi, ekologiýa meselelerini çözmäge ygrarlydygyny görkezdi.
Şeýle hem brifingde “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” şygary astynda geçen 2023-nji ýylda gazanylan üstünlikler beýan edildi. Şunuň bilen baglylykda, Ilçi Türkmenistanyň Prezidentiniň “Ýaşlar  Watanyň daýanjy” atly kitabynda ýurduň ýaşlarynyň dürli ugurlarda gazanan üstünlikleri we ýeten sepgitleri şöhlelenýändigi barada gürrüň berdi.
Mundan başga-da Gündogaryň beýik akyldary we şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk toýuna bagyşlanyp 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýen şygary bilen tanyşdyryldy. Türkmen diplomaty bu başlangyç Türkmenistanyň şahyryň mirasyny dowam etdirmek, isleginiň beýanydygyny, türkmen we gündogar edebiýatynyň bahasyna ýetip bolmajak goşandy, şeýle-de ruhy we medeni terbiýeçisi hökmünde ähmiýetlidigini belledi.
Brifingiň ahyrynda myhmanlara türkmeniň milli tagamlary hödür edildi.


düýn 17:19
1.7k+

Günorta Koreýa Türkmenistandaky täze ilçisini belledi

Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministrligi Li Won Çženi Türkmenistandaky täze Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine belledi. Bu barada Daşary işler ministrligine salgylanyp, «Orient» habar berýär...

düýn 16:23
888

Geçen hepde TDHÇMB söwdalarynda geleşikleriň bahasy ABŞ-nyň 9 mln dollaryndan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda jemi 34 sany geleşik hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň we Gruziýanyň işewürleri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanalarynda öndürilen polipropileni we binýatlyk ýagy satyn aldy...

düýn 14:48
7.3k+

Türkmenistan goňşy Eýrana doganlyk goluny uzadyp, ynsanperwer kömegini ýollady

Oraza aýynyň dowam edýän günlerinde Türkmenistan Eýran Yslam Respublikasynyň halkyna ynsanperwer kömegini ugratdy. Türkmenistanyň DIM-iniň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, bu ýük, ilkinji nobatda, goňşy ýurduň çagalaryna niýetlenendir...

15.03.2026 09:38
7.7k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyny Gadyr gijesi bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow musulman dünýäsiniň iň mukaddes gijeleriniň biri bolan Gadyr gijesiniň öňüsyrasynda türkmen halkyna öz gutlag hatyny iberdi. Gutlagyň doly teksti TDH tarapyndan çap edildi...