Türkmenistan Dubaýda geçirilen Bütindünýä hökümet sammitinde birnäçe teklipleri öňe sürdi

  • 14.02.2024 01:36
  • 5.6k+

12-nji fewralda Birleşen Arap Emirliklerine iş saparynyň dowamynda Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Bütindünýä hökümet sammitiniň (WGS 2024) mejlisleriniň işine gatnaşdy.

Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugynyň habar bermegine görä, “Netijeli syýasat” sessiýasynyň çäklerinde eden çykyşynda R.Meredow dünýä bileleşiginiň jogapkär agzasy bolup, Türkmenistanyň dünýäniň ählumumy maksatlarynyň durmuşa geçirilmegine goşant goşýan ýurt hökmünde ileri tutulýan garaýyşlary boýunça çemeleşmelerini we hereketlerini anyk kesgitleýändigini hem-de amala aşyrýandygyny beýan etdi. Şu nukdaýnazardan, ulag arabaglanyşygyny we durnuklylygy berkitmek ýaly ugurlaryň ähmiýeti görkezilip, Türkmenistanyň başlangyjy bilen soňky on ýyllyklarda BMG-niň Baş Assambleýasynyň durnukly ulag baradaky alty kararnamasynyň kabul edilendigi bellenildi.
Şunuň bilen baglylykda,

  • Durnukly ulag birikmesiniň global atlasyny (Global Atlas of Sustainable Transport Connectivity) döretmek;
  • Global energetika howpsuzlygy we durnukly ösüş boýunça hyzmatdaşlygyň Bileleşigini (Global Energy Security and Sustainability Cooperation Alliance) döretmek;
  • Durnukly ösüş üçin 2030-njy ýyl üçin gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlaryna esaslanyp, ykdysady geçiş boýunça ählumumy maksatnamany (Global Circular Economy Transition Framework) işläp düzmek teklip edildi.

düýn 17:31
1.1k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

düýn 15:39
1.7k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
2.8k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
4.4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....