Dünýäde ilkinji durnukly kwant kompýuteri 2024-nji ýylda peýda bolar

  • 14.02.2024 01:11
  • 5.3k+

Kwant kompýuterleri hasaplaýyş tehnologiýasynda rewolýusiýany wada berýär, ýöne olaryň esasy meselesi bitleriň kwant analoglary bolan kubitlerde ýalňyşlyk ýygylygynyň ýokary bolmagydyr.

Garward uniwersitetiniň QuEra amerikan startapy maglumatlary we hasaplamalary dublirleýän logiki kubitleriň kömegi bilen bu meseläni çözendigini habar berdi. Muny gazeta.ru ýetirýär. Startap 2024-nji ýylyň ahyryna çenli dünýäde ilkinji durnukly (näsazlyga durnukly) kwant kompýuterini işe girizmegi meýilleşdirýär. Onuň kuwwaty 256 fiziki kubite we 10 logiki kubite deň bolar. 2026-njy ýyla çenli startap kuwwatlylygy 10 müň fiziki kubite we 100 logiki kubite çenli artdyrmak isleýär. Netijede, bu islendik döwrebap superkompýuterlerden öňe geçmäge mümkinçilik berer.
Kwant kompýuterleri hasaplaýyş işlerini adaty kompýuterler ýaly yzygiderli däl-de, parallel ýerine ýetirmäge ukyplydyr. Bu hem olary kriptografiýa, optimizasiýalaşdyrma, maşyn bilimi we emeli aň ýaly çylşyrymly meseleleri çözmek üçin has tiz we netijeli edýär.


düýn 10:53
1.8k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.6k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.5k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....