Dubaý 2023-nji ýylda rekord 17 mln daşary ýurtly syýahatçyny kabul etdi

  • 12.02.2024 10:43
  • 10k+

2023-nji ýylda Dubaýa 17,15 mln daşary ýurtly syýahatçy baryp gördi. Şeýle maglumat Dubaýyň Ykdysadyýet we syýahatçylyk departamentiniň statistikasyndan gelip çykýar diýip, interfax.ru habar berýär.

Edaranyň maglumatlaryna görä, 2023-nji ýylyň jemi boýunça Dubaýa daşary ýurtly syýahatçylaryň akymy 19,4% ýokarlandy. Syýahatçylaryň esasy bölegi – tas 3,3 mln syýahatçy Günbatar Ýewropadan geldi, umumy syýahatçylar akymynda bu ýurtlaryň paýy 19%-e deň. Biraz tapawut bilen ikinji orny Günorta Aziýa eýeledi (3,1 mln, 18%). Liderleriň üçlügini Russiýa, GDA we Gündogar Ýewropa ýurtlary jemleýär, bu ýerlerden 2,26 mln myhman geldi, umumy syýahatçylar akymynda syýahatçylaryň paýy bolsa 13%-e barabar.
Şeýle-de, ilkinji bäşlige Ýakyn Gündogar hem Afrika (12%) we Demirgazyk hem Günorta-Gündogar Aziýa (9%) girdi.
Geçen ýyl emirligiň myhmanhanalarynyň ortaça dolulygy 77,4% boldy. Geçen ýylyň dekabr aýynyň ahyrynda Dubaýda eýelenen otaglaryň sany 150 müň (821 myhmanhana), syýahatçylaryň gijelerine galmalarynyň sany 41,7 mln boldy.
2022-nji ýylda Dubaýa 14,36 mln syýahatçy bardy.


25.06.2026 23:36
5.7k+

Syýahatçylaryňky çüwmedi: Eýfel diňi möhletinden öň ýapyldy

Fransiýadaky aşa yssy howa birnäçe meşhur syýahatçylyk ýerleriniň iş tertibiniň üýtgemegine getirdi. Ilkinjileriň hatarynda adaty wagtyndan öň ýapylan bolsa, Pariždäki Eýfel diňi boldy....

23.06.2026 09:50
5k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6.2k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......