Microsoft-yň bazar bahasy 3,12 trillion dollara ýetdi. Kompaniýa Apple-iň rekordyny täzeledi

  • 11.02.2024 13:27
  • 3.4k+

Microsoft bazar bahasynda Apple-den öňe geçip, dünýäniň iň gymmat kompaniýasyna öwrüldi. Soňky iki hepdäniň dowamynda onuň bahasy 0,12 trillion dollar artyp, 3,12 trillion dollara ýetdi.

Microsoft iň ýokary nokady 2023-nji ýylyň 31-nji iýulynda 3,09 trillion dollara ýeten Apple-iň rekordyndan öňe geçdi. Apple häzirki wagtda 2,92 trillion dollarlyk maýa goýumy bilen iň gymmat kompaniýalaryň sanawynda ikinji ýerde durýar.
Microsoft öz bulut hyzmatlarynyň, oýunlarynyň, ofis programmalarynyň we emeli aňynyň ösüşi arkaly yzygiderli girdeji we düşewünt ösüşini görkezdi.
Microsoft-yň baş direktory Satýa Nadella kompaniýanyň öz müşderilerini we hyzmatdaşlaryny has öndürijilikli, innowasiýa we bäsdeşlige ukyply iň oňat tehnologiýa çözgütleri bilen üpjün etmegi maksat edinýändigini aýtdy.
Soňky döwürde ýokary tehnologiýaly kompaniýalaryň köpüsiniň kapitalizasiýasy işjeň ösýär, “çig mal” Saudi Aramco-nyň kapitalizasiýasy bolsa azalýar, iň gymmat kompaniýalaryň dünýä reýtinginde bolsa henizem ynamly üçünji orunda durýar.


19.05.2026 09:37
4.5k+

Ilkinji gorag çehollary iPhone 18 Pro-nyň dizaýnyny tassyklady

Internetde iPhone 18 Pro we iPhone 18 Pro Max üçin niýetlenen gorag çehollarynyň suratlary peýda boldy. Bu çehollaryň dizaýnyň iň soňky ylalaşygyndan geçendigi we geljekki smartfonlaryň suduryny gaýtalaýandygy......

17.05.2026 09:49
2.4k+

Google dünýäniň iň gymmat 10 brendiniň başyny çekýär. Galan 9 haýsylar?

Kantar kompaniýasynyň çap eden «BrandZ Top 100 Most Valuable Global Brands 2026» atly reýtingine görä, bu ýyl Google soňky dört ýylda ilkinji gezek Apple kompaniýasyndan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat brendi......

14.05.2026 12:04
2.8k+

Xiaomi 17-niň satuwy 5 million enjama golaýlady

2026-njy ýylyň 18-nji hepdesine çenli Xiaomi 17 seriýasynyň satuwy 5 million enjama golaýlady, emma bu görkezijiler Hytaý bazarynda iPhone 17-niň netijelerinden ep-esli pes bolmagynda galýar....

06.05.2026 19:44
4.6k+

Samsung-yň eýeleri $8 mlrd möçberinde miras salgydyny töledi. Bu ýurt üçin rekord

2020-nji ýylda aradan çykan Samsung korporasiýasynyň ýolbaşçysy Li Gon Hiniň maşgalasy Günorta Koreýa üçin rekord mukdar bolan 12 trillion wona (8 milliard dollar) möçberindäki miras salgydyny dolulygyna töläp......