Gyrgyzystanyň ilçisi iberilen dostluk kömegi üçin Türkmenistana hoşallyk bildirdi

  • 09.02.2024 10:40
  • 5.2k+

Gyrgyzystanyň Aşgabatdaky ilçisi Azizbek Madmarow öz ýurdunyň paýtagtyndaky iri ýylylyk elektrik stansiýasynyň işiniň wagtlaýyn durmagy bilen bagly iberilen dostluk kömegi üçin Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna we halkyna hoşallyk bildirdi. Bu barada ol 7-nji fewralda Gyrgyzystanyň ilçihanasynyň binasynda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen geçiren duşuşygynda aýtdy.

2000 tonnadan ybarat dostluk kömegi Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugy boýunça dostluk kömegi hökmünde iberildi. Ýakynda Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow Türkmenistanyň döwlet Baştutany bilen telefon söhbetdeşliginde iberilen kömek üçin hoşallyk bildirdi.

Žurnalistler bilen bolan söhbetdeşlikde ilçi Azizbek Madmarow iki ýurduň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary barada durup geçdi. Bellenilişi ýaly, iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň yzygiderli esasda gepleşikleri geçirmegi ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykardy. Şeýle hem ýurtlaryň energetika pudagynda netijeli hyzmatdaşlyk edýändikleri bellendi.
Türkmenistan Gyrgyzystana elektrik energiýasyny, awtoulag ýangyjyny we awiasion kerosinini iberýär. Türkmenistandan Gyrgyzystana eksport edilýän harytlaryň hatarynda gurluşyk serişdeleri, dokma we oba hojalyk önümleri hem bar. Türkmenistanda ösdürilen ýyladyşhana pomidory gyrgyz bazarynyň 70-80 göterimine golaýyny düzýär. Öz gezeginde, Gyrgyzystan Türkmenistana elektrik enjamlary, yşyklandyryjy lampalary, diodlary we ýarym geçirijileri, himiýa önümlerini eksport edýär.
Umuman, Gyrgyz Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasynda söwda dolanyşygy artýar. Ilçiniň sözlerine görä, 2023-nji ýylda iki ýurduň 100 million dollara barabar söwda dolanyşygynyň amala aşyrylandygy çaklanylýar. Şunda heniz doly güýjünde ulanylmadyk mümkinçilikleriň bardygy hem bellenildi. Geçen ýyl ilçihana Türkmenistanyň raýatlaryna köp sanly işewürlik wizasyny resmileşdirdi.
Ilçi şeýle hem geçen ýyl Aşgabatda geçirilen işewürlik maslahatyna gatnaşmaga 20-den gowrak gyrgyz kompaniýasynyň gelendigini ýatlady. Ilçiniň sözlerine görä, iki ýurduň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklar yzygiderli ösmegini dowam etdirer.


düýn 19:38
3.4k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.3k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......