Moskwada geçjek MMA ýaryşynda türkmen türgeniniň garşydaşy beli boldy

  • 09.02.2024 06:55
  • 26k+

Moskwada geçiriljek Fight Nights Global ýaryşynda garyşyk söweşiň (MMA) russiýaly wekili Artýom Atakulow bilen türkmen türgeni Abdulla Babaýew duşuşar. Bu barada TmCars-a Gala Sports Management-iň wekili Ilaman Beknazarow habar berdi.

Duşuşyk 23-nji fewralda geçiriler. Oňa göni ýaýlymda "Udar" teleýaýlymynda Aşgabat wagty bilen 21:00-da tomaşa edip bilersiňiz.
Abdulla Babaýew - söweş sambosy boýunça halkara derejeli sport ussady. Ol üç gezek Dünýä kubogyny aldy, pankration boýunça Aziýanyň we dünýä birinjiliginiň çempiony.
Öň TmCars Abdulla Babaýewiň professional arenada çykyşyna taýýarlygy bilen türkmen MMA-synyň belli wekili Rustam Kuraýewiň meşgullanjakdygyny habar beripdi.
Abdulla Babaýew 2023-nji ýylyň dekabrynda Gala Sports Management bilen şertnama baglaşdy. 


03.06.2026 17:49
3.6k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......

01.06.2026 10:58
6.3k+

Oktagondan düşege: Sarukýan bilen Kowington göreş tutluşygynda duşuşar

Asly ermeni bolan russiýaly söweşiji Arman Sarukýan UFC-niň öňki wagtlaýyn çempiony, amerikaly Kolbi Kowington bilen göreş tutluşygyny geçirer. Real American Freestyle (RAF) guramasy erkin göreş boýunça......

30.05.2026 08:45
8.2k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......

27.05.2026 18:22
9.3k+

Alp Arslan Begenjow Wýetnamdaky U23 Aziýa çempionatynda altyn medal gazandy

Wýetnamyň Danang şäherinde geçirilen U23 & U17 Asian Championships 2026 yklym birinjiliginde Türkmenistandan erkin göreşiji Alp Arslan Begenjow 23 ýaşa çenli türgenleriň arasynda Aziýanyň çempiony boldy....