Türkmen pälwany Fight Nights Global ýaryşynda çykyş eder

  • 21.01.2024 11:27
  • 31k+

Türkmenistanly türgen Abdulla Babaýew AMC Fight Nights Global söweş promouşeny bilen şertnama baglaşdy. Onuň ilkinji söweşi Moskwadaky Live Arena-da Fight Nights 123 ýaryşynda bolar diýip, Turkmenportal habar berýär.

Babaýewiň garşydaşynyň kim boljakdygy ýakyn wagtda kesgitlener.
Abdulla Babaýew - söweş sambosy boýunça halkara sport ussady, Dünýä kubogynyň üç gezek eýesi, Aziýanyň çempiony we pankration boýunça dünýä çempiony.  Ol Gala Sports Management sport guramasyna wekilçilik edýär.
Babaýewi garyşyk söweş sungatyndaky ilkinji söweşine MMA-nyň tejribeli türkmen söweşijisi Rustam Kuraýew taýýarlaýar, ol sportuň bu görnüşi boýunça 30-dan gowrak söweşe gatnaşan.
Abdulla Babaýew 2023-nji ýylyň dekabrynda Gala Sports Management bilen şertnama baglaşdy. Onuň boksçy Ýunus Gurbanow, MMA-nyň söweşijisi Eziz Penjiýew we kikboksçy Yslam Rahmetow bilen bilelikde, bu sport guramasynyň dördünji türgeni bolandygy bellendi.
Fight Night ýaryşynyň 123-nji ýaryşynyň çäklerinde ýeňil agram derejesinde guramanyň çempiony Magomed Sulumow bilen Aleksandr Sarnawskiniň arasynda titul söweşi, şeýle hem Tumer Ondar bilen Anzor Çakaýewiň arasyndaky ýarym ýeňil agyrlyk derejesindäki boş guşak üçin göreş bolar.


düýn 17:46
8.9k+

Döwletjan Ýagşymyradow PFL NY ýaryşynda Simeon Pawelle garşy urşar

Garyşyk başa-baş söweş sungatynyň (MMA) türkmen pälwany Döwletjan Ýagşymyradow özüniň indiki duşuşygyny 31-nji iýulda Nýu-Ýorkda PFL NY ýaryşynda geçirer. Onuň garşydaşy ýarym agyr agramda PFL reýtinginiň......

düýn 13:03
12k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

11.06.2026 08:03
3.4k+

Türkmen karateçileri Manilada geçirilen ýaryşda altyn we bürünç medallary gazandy

Filippinleriň paýtagty Manila şäherinde geçirilen «Karate-1 Ýaşlar ligasy» (Karate 1-Youth League) dünýä tapgyrynyň ýaryşynda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş edip, altyn we bürünç medallary gazandy....

03.06.2026 17:49
4.3k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......