Aşgabatda taekwondo boýunça Koreýa Respublikasynyň ilçisiniň kubogy ugrunda ýaryş tamamlandy

  • 18.08.2025 15:42
  • 2.7k+

Aşgabatda Olimpiýa şäherçesinde çagalaryň we ýetginjek türgenleriň arasynda taekwondo boýunça Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisiniň kubogy ugrunda geçirilen ýaryş tamamlandy. Oňa paýtagtymyzdan we ýurdumyzyň ähli sebitlerinden türgenleriň 170-den gowragy gatnaşdy diýlip, "Türkmenistan" gazetinde habar berilýär.

Bu ýaryş ýurdumyzda 2010-njy ýyldan bäri yzygiderli geçirilip gelinýär. Indi 13-nji gezek geçirilen ýaryş ýyllaryň dowamynda çagalary taekwondo sportuna höweslendirmekde uly ähmiýete eýedir.


Häzirki wagtda Türkmenistanda ýaşlaryň ýarym müňden gowragy taekwondo bilen meşgullanýar. Şu gezekki ýaryşa dürli ýaş we agram derejelerinde olaryň iň zehinlileri gatnaşdylar. Ýaryşda Mary welaýatyndan gelen wekiller medallaryň agramly bölegine mynasyp bolup, taýýarlygynyň güýçlüdigini subut etdiler.
Iki günläp dowam eden ýaryşda medeni çäreleriň hem uly topary geçirildi.
Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan ýurdumyzda ýaşlaryň arasynda taekwondo sportuny ösdürmek, wagyz etmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Şu ýylyň iýun aýynda bolsa Koreýa Respublikasynyň Kukkiwon taekwondo federasiýasynyň ýolbaşçysy Çon Kapkiniň ýurdumyzda saparda bolup, Gahryman Arkadagymyza taekwondonyň 9-njy danyny gowşurdy. Bu saparyň dowamynda myhman Olimpiýa şäherçesinde türkmen taekwondoçylarynyň alyp barýan türgenleşikleri bilen hem ýakyndan tanşypdy. Geçen ýylyň sentýabr aýynda bolsa dostlukly döwletiň ýurdumyzdaky ilçihanasy tarapyndan türkmen türgenlerine sport lybaslary we enjamlary sowgat berildi.


22.06.2026 17:52
5k+

Ulan-Batordaky ýaryş jemlendi: dzýudoçy Maýsa Pardaýewa bürünç medal gazandy

Türkmen dzýudoçysy Maýsa Pardaýewa 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna saýlama tapgyrynyň ilkinji tapgyry bolan Ulan-Batordaky «Uly tuwulga» ýaryşynda 57 kg çenli agram derejesinde......

18.06.2026 14:40
4.4k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......

17.06.2026 13:03
17k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

12.06.2026 11:10
10k+

Dünýä çempionatynyň 1-nji güni: Meksikanyň ynamly ýeňşi we Günorta Koreýanyň kembegi

Açylyş oýunda Meksika milli ýygyndysy Günorta Afrika Resbuplikasynyň ýygyndysyny 2:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi....