Hyundai we Kia şu wagta çenli 1,5 milliondan gowrak elektrik ulagyny satdy

  • 08.02.2024 07:45
  • 5k+

Hyundai awtoulag öndürijisi özüne degişli Hyundai we Kia brendleriniň önümçilige başlandan bäri 1,5 milliondan gowrak elektrik ulagyny satandygyny habar berdi. Bu barada mobile-review.com portaly habar berýär.

Görkezilen mukdaryň bir böleginiň geçen ýyl satylandygy bellendi.
Hyundai bilen Kia elektrikli awtoulaglary ösdürmek we öndürmek üçin köp maýa goýýarlar hem-de olaryň model hataryny giňeltmegi dowam etdirýärler. Hyundai kompaniýasy 2011-nji ýylda özüniň ilkinji BlueOn elektrik awtoulagyny çykarypdy.
Geçen ýyl bu konsern jemi 516 müň elektrik ulagyny satdy; olaryň 80%-iniň daşary ýurt bazarlarynda satylandygy bellendi.
Hyundai Kona, Hyundai Ionic 5, Kia Niro we Kia EV6 konserniň iň meşhur elektrik modelleri boldy.


24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

24.06.2026 17:04
3.2k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

15.06.2026 10:41
2.5k+

Hyundai Tucson L 2026 çykdy. Düýbünden täze Hyundai Bayon hem ýolda

«Beijing Hyundai» bilelikdäki kärhanasy Hytaýyň bazaryna täzelenen «Hyundai Tucson L 2026» krossowerini çykardy....