Türkmenistanyň ugradan ynsanperwer kömegi Bişkege bardy

  • 05.02.2024 20:55
  • 25k+

Özünde 2 müň tonna suwuklandyrylan gazy jemleýän 58 wagondan ybarat demir ýol düzümi Bişkek şäherine getirildi. Bu ýük dostluk kömegi hökmünde Türkmenistandan Gyrgyzystana ugradylypdy. Gymmatly ýangyç çig malyny Gyrgyzystanyň döwlet edaralarynyň wekilleri garşyladylar diýip, Vesti.kg neşiri habar berýär.

Gyrgyz Respublikasynyň energetika ministri Atabek Abylgazyýew iberilen ynsanperwerlik ýük üçin Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna hoşallyk bildirdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Buýrugyna laýyklykda, Bişkek şäheriniň ýylylyk elektrik stansiýasynyň işinde dörän duýdansyz bökdençlik zerarly, "Türkmengaz" döwlet konsernine 2 müň tonna möçberdäki suwuklandyrylan gazy dost-doganlyk kömegi hökmünde Gyrgyz Respublikasyna ibermek bellenilipdi. Dostlukly ýurduň paýtagtynyň elektrik stansiýasynda bolan hadysa sebäpli 60 müň öý we durmuş maksatly desga elektrik energiýasyz galdy.


düýn 16:07
1.9k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.3k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

19.05.2026 08:02
5.4k+

Dünýäde elektrik energiýasynyň ýarysyndan gowragy heniz hem gazylyp alynýan ýangyjyň hasabyna üpjün edilýär

Gaýtadan dikeldilýän energetikanyň ösüşiniň rekord derejeli tizligine garamazdan, 2025-nji ýylda dünýäniň elektrik energiýasynyň esasy bölegi öňküsi ýaly gazylyp alynýan ýangyjyň hasabyna öndürildi....