“Dragon Oil” kompaniýasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory Aşgabada iş sapary bilen geldi

  • 05.02.2024 22:00
  • 16k+

5-nji fewralda BAE-niň “Dragon Oil” kompaniýasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory Ali Raşid Al Jarwanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet iş sapary bilen Türkmenistana geldi. 5-nji fewralda wekiliýet agzalarynyň “Türkmennebit” döwlet konserniniň ýolbaşçylary bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.

Duşuşygyň dowamynda bilelikdäki işiň uly tejribesini, Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça giň gerimli meýilnamalary nazara almak bilen, köpýyllyk hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulmagynyň ähmiýeti dogrusynda hem bellenildi.
Şeýle hem duşuşygyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň başynda Birleşen Arap Emirliklerine amala aşyran iş saparynyň ähmiýeti barada bellenildi. Bellenilişi ýaly, saparyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideriniň “Dragon Oil” kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy bilen duşuşygy geçirildi. Onuň dowamynda özara gyzyklanma bildirilýän ugurlaryň birnäçesi babatda pikir alşyldy. Duşuşygyň ahyrynda “Türkmennebit” döwlet konserniniň we “Dragon Oil (Türkmenistan) Ltd.” kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekmek dabarasy boldy.


20.06.2026 11:54
5.4k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

18.06.2026 12:32
5.7k+

“Türkmennebit” döwlet konsernine Petronas bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan toplumlary “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň......

18.06.2026 10:46
2.1k+

Gytaklaýyn guýulary üznüksiz burawlamak üçin dünýäde ilkinji gurluş döredildi

Perm milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) hünärmenleri gytaklaýyn nebit guýularyny burawlamagyň barşynda giroskoplardan üznüksiz maglumat almaga mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji durnuklaşdyryjy......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......