Biologlar ilkinji gezek 3D çap enjamynda işleýän beýni dokumalaryny çap etdiler

  • 05.02.2024 18:40
  • 5k+

Alymlar ilkinji gezek 3D çap enjamyny ulanyp hakykysy ýaly ösüp we işläp bilýän adamyň beýni dokumasyny döretdiler. Gözlegiň netijeleri «Cell Stem Cell» žurnalynda çap edildi.

3D çap etmek boýunça adaty çemeleşmede material gatlaklary biri-biriniň üstünde dikligine ýerleşdirilýär. Alymlar täze gözlegde öýjükleri biri-biriniň gapdalynda gorizontal görnüşde ýerleşdirmegi teklip etdiler. Şeýle hem olar beýni öýjüklerini has ýumşak gelde ýerleşdirdiler. Netijede, material ýeterlik derejede berk boldy, ýöne neýronlaryň biri-birine tarap ösmegine we signal alyşmagyna mümkinçilik berýärdi.

«Biz beýniniň daşky gabygyny we ala bölegini etdik, biziň ýüze çykaran zatlarymyz örän täsin. Beýniniň dürli böleklerine degişli dürli öýjükleri çap edenimizde-de, olar biri-biri bilen aýratyn we özboluşly usulda aragatnaşyk saklap bildiler» diýip, alymlaryň biri belledi.

Çap edilen beýni dokumasy Dawn sindromynda, Alsgeýmer ýa-da Parkinson kesellerinde öýjükleriň arasyndaky signallaryň geçişini öwrenmek, şeýle hem täze dermanlary barlamak üçin ulanylyp bilner. Tehnologiýa ýörite bioçap enjamlaryny ýa-da öýjükleri ösdürip ýetişdirmek usullaryny talap etmeýär, şonuň üçin hem köp barlaghanalar üçin elýeterli bolup biler.


düýn 10:53
1.8k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.6k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.5k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....