Mask «Teslany» Delawer ştatyna derek Tehasda hasaba aldyrmak boýunça ses berişlik geçirer

  • 04.02.2024 21:11
  • 4.6k+

«Tesla» tiz wagtda kompaniýany Delawer ştatynyň ýerine Tehasda gaýtadan resmileşdirmek meselesi boýunça paýdarlaryň arasynda ses berişlik geçirer. Bu barada awtokonserniň ýolbaşçysy Ilon Mask «X» sosial ulgamyndaky (öňki Twitter) sahypasynda ýazdy.

Onuň sahypasyna agzalaryň aglabasy (87,1 göterim) milliarderiň pikirini goldady. Ol özüne 55,8 milliard dollar bonus tölenmeginiň öňi alnandan soň bu karara geldi. Kompaniýanyň ýolbaşçysy bu puluň planetalar arasy syýahaty maliýeleşdirmek üçin sarp ediljekdigini öňe sürdi, ýöne kazy bu mukdary akla sygmaz derejede köp diýip atlandyrdy we onuň tölenmeginiň paýdarlaryň öňünde adalatsyzlyk boljakdygyny aýtdy. Milliarder kazyýetiň çözgüdinden soň derrew kompaniýany başga bir ştatda resmileşdirmek kararyna geldi.

«Delawerde hiç haçan kompaniýany resmileşdirmäň. Eger meseleleriň paýdarlar tarapyndan çözülmegini isleseňiz, Newadada ýa-da Tehasda hasaba alynmagyňyzy maslahat berýärin» diýip, Mask sosial ulgamlarda ýazgy paýlaşdy.


20.06.2026 10:45
3.9k+

SpaceX-iň IPO-sy köp adamy: ýokary derejeli menejerlerden başlap, adaty kebşirleýjilere we bäsdeşlere çenli baý etdi.

2026-njy ýylyň 12-nji iýunynda SpaceX aerokosmos kompaniýasy gazna biržasynda deslapky paýnama goýuş çäresini(IPO) geçirdi. Bu waka resmi taýdan onuň esaslandyryjysy Ilon Masky dünýäde ilkinji trillioner etdi.......

12.06.2026 13:09
9.5k+

Ilon Mask dünýäniň ilkinji trillioneri boldy: häzirlikçe diňe kagyz ýüzünde

Ilon Mask taryhda şahsy kapitalynyň möçberi 1 trillion dollardan geçen ilkinji adam boldy. «Reuters» habarlar agentliginiň mälim etmegine görä, bu SpaceX kompaniýasynyň paýnamalaryny Nasdaq biržasynda ilkinji......

02.06.2026 12:03
12k+

Tramp Ak tamyň çäklerinde geçiriljek turnire taýýarlyk wagtynda UFC-niň eýesiniň paýnamalaryny satyn aldy

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Ak tamyň çäklerinde geçirilmegi meýilleşdirilýän «UFC Freedom 250» turnirini işjeň mahabatlandyryp başlamazdan biraz öň, TKO Group Holdings (UFC we WWE guramalarynyň eýesi)......

29.05.2026 00:36
2.3k+

Dünýäde ilkinji: Itera durkuny üýtgedýän suwuk platany görkezdi

Amerikanyň Itera startapy dünýäde ilkinji «suwuk» çap edilen plata diýip atlandyrylýan enjamynyň nusgasyny tanyşdyrdy....