Howanyň üýtgemegi Arktikanyň suwlarynda täze adalaryň döremegine getirip biler

  • 04.02.2024 20:49
  • 11k+

Daniýanyň Tehniki uniwersitetiniň alymlary howanyň birbada üýtgemeginiň Arktikadaky deňiz landşaftyny üýtgedip, Grenlandiýanyň töwereginde köp sanly täze adalaryň peýda bolmagyna getirip biljekdigini anykladylar. Gözleg “Geophysical Research Letters” (GRL) ylmy žurnalynda neşir edildi diýip, gazeta.ru habar berýär.

Hünärmenler Grenlandiýanyň düýp jynsynyň 2013-nji ýyldan 2023-nji ýyl aralygynda 20 santimetr ýokary galandygyny, munuň bolsa ýüzýyllygyň dowamynda iki metre barabardygyny anykladylar. Bu, esasan, topraga düşýän basyşy azaldýan buz örtüginiň ýitmegi bilen baglanyşyklydyr.
Gözleg Grenlandiýanyň kenarynyň ugrunda ýerleşýän 61 ölçeg stansiýasyndan ybarat ulgam bolan GNET-iň maglumatlaryna esaslanýar.
Grenlandiýanyň ýokary galyş fakty ozaldan hem belli. Bu soňky Buz eýýamynda gury ýeriň galyň buz örtügi bilen basylmagy sebäplidir. Buzluklaryň, takmynan, 12 müň ýyl mundan ozal erändigine garamazdan, ýer buz basyşynyň peselmegi sebäpli henizem ýokary galýar.
Mundan başga-da, global maýlama sebäpli buz örtüginiň eremeginiň güýçlenmegi soňky iki onýyllykda Grenlandiýanyň kenarýakasyndaky gury ýeriň goşmaça we has çalt ýokary galmagyna getirdi.

“Biziň şu ýyllar Grenlandiýada syn edýän jynslarymyzyň ýokary galşyny diňe bir Buz eýýamyndan soň tebigy prosesler bilen düşündirip bolmaz. GNET-iň maglumatlarynyň kömegi bilen biz howa üýtgemeleri sebäpli gury ýeriň haýsy bölekleriniň ýokary galýandygyny anyk seljerip bileris” – diýip, ylmy işiň awtorlarynyň biri, professor Şafkat Abbas Han belledi.


04.06.2026 17:40
9.4k+

Gyzylgum çölünde adatdan daşary ýagan ýagyşlardan soň köl emele geldi

Özbegstanyň Buhara welaýatynyň «Şurbulak» diýlen ýerinde soňky ýarym ýylyň dowamynda meýdany takmynan 80 inedördül kilometr bolan täze köl emele geldi. Bu suw howdanynyň döremegini sebitde ýagnyň mukdarynyň......

29.05.2026 23:56
6.5k+

Hemişelik doňaklygyň eremegi Kanadanyň arassa derýalaryny howply kislota akymlaryna öwürdi

Hemişelik doňaklyklaryň eremeginiň çaltlaşmagy sebäpli Demirgazyk Kanadadaky derýalaryň ýokary akymlary diýseň zäherlendi we posly açyk-mämişi reňke boýaldy....

26.05.2026 09:58
10k+

Klimatologlar: 2100-nji ýyla çenli dünýä ummany birnäçe uly şäheri suwa gark eder

Singapuryň Nanýang tehnologik uniwersitetiniň ýolbaşçylygynda halkara alymlar toparynyň geçiren barlaglaryna görä, eger atmosferany hapalaýan parnik gazlarynyň mukdary şu ýokary depgindeligine galsa, 2100-nji......

23.05.2026 23:48
3.7k+

Global maýlamaklyk dünýäniň iň uly derýalarynda kislorodyň derejesini peseltdi

Hytaýyň klimatologlary soňky 40 ýylyň dowamynda Ýeriň iň uly derýalarynda ereýän kislorodyň konsentrasiýasynyň peselendigini habar berdiler. Barlagçylaryň çaklamalaryna görä, howanyň üýtgemegi häzirki......