2023-nji ýylda Aşgabadyň halkara howa menzilinde tehniki gonuşlaryň 1088-si, täjirçilik maksatly gonuşlaryň 860-sy amala aşyryldy

  • 04.02.2024 12:14
  • 12k+

Türkmenistanyň halkara howa menzillerinde täjirçilik maksatly we tehniki gonuşlary amala aşyrýan daşary ýurtlaryň awiakompaniýalarynyň sany artýar. «Turkish Airlines», «Сибирские авиалинии», «China Southern», «Flydubai», şeýle hem Lýuksemburgyň Cargolux awiakompaniýasynyň ýük uçarlary täjirçilik maksatly we tehniki gonuşlarynda Aşgabadyň halkara howa menziliniň hyzmatlaryndan peýdalanýarlar. Aşgabadyň halkara howa menzilinde 2023-nji ýylda tehniki gonuşlaryň 1088-si, täjirçilik maksatly gonuşlaryň bolsa 860-sy amala aşyryldy. Bu barada Aşgabat halkara howa menziliniň saýty habar berýär.

Türkmenabat halkara howa menzilinde bolsa MY Freighter (Özbegistan), Terra Avia (Moldowa),  GEOSKY Airlines  (Gruziýa), MNG Airlines (Türkiýe) awiakompaniýalary tehniki gonuşlary amala aşyrýarlar. Geçen ýyl bu halkara howa menzilde daşary ýurt uçarlary 193 tehniki gonuşy amala aşyrdylar.
Türkmenbaşy halkara howa menzilinde bolsa BELAVIA awiakompaniýasy täjirçilik maksatly ýolagçy uçarlarynyň, Volga-Dnepr awiakompaniýasy bolsa tehniki gonuşlaryny amala aşyrdy. Menzil 2023-nji ýylda tehniki gonuşlaryň 229-syny, täjirçilik maksatly gonuşlaryň bolsa 114-sini kabul etdi.
Mary halkara howa menzili bu babatda «Moalem Aviation» LLC,  «Sabsan Aviation» (Gyrgyzystan), «Abu Dabi Aviation» (BAE) we «Ruby Star» (Belarus) awiakompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk saklaýar. Menzilde 2023-nji ýylda tehniki we täjirçilik maksatly gonuşlaryň hersinden 45-si amala aşyryldy
Şeýle hem Daşoguz halkara howa menzili geçen ýylda tehniki gonuşlaryň 46-syny kabul etdi.


şu gün 08:13
827

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

şu gün 08:05
1.3k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......

düýn 22:09
1.1k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkentde geçirilen TIIF-2026 maýa goýum forumyna gatnaşdy

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri N.Agahanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 16—18-nji iýun aralygynda Özbegistanyň paýtagtynda geçirilen bäşinji Daşkent halkara maýa goýum......

düýn 18:14
636

Aşgabatda türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirilýär

17-nji iýunda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi öz işine başlady. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, bu çärä gatnaşmak......