Türkmenistanyň ilçisi Gruziýanyň Milli Ylymlar akademiýasynyň prezidenti bilen duşuşdy

  • 02.02.2024 14:03
  • 3.1k+

31-nji ýanwarda Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisi D.Seýitmämmedow Gruziýanyň Milli Ylymlar akademiýasynyň prezidenti R.Metreweli bilen duşuşdy.

Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşygyň maksady Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda ylmy ugurda alnyp barylýan gatnaşyklary ösdürmekden we berkitmekden ybarat boldy. Taraplar akademiki işleri ulgamynda öz ýurtlarynda alnyp barylýan özgertmeler we ýetilen sepgitler bilen tanyşdyrdylar.
Duşuşykda ilçi şu ýyl Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy halkara derejesinde dabaraly ýagdaýda bellenilýändigini aýtdy, şeýle hem Türkmenistanda 2024-nji ýylyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” şygarynyň bu dabara bilen baglydygyny belläp geçdi.
Ilçi bu möhüm waka bilen baglylykda Türkmenistanda we onuň çäginiň daşynda köp sanly çäreleriň meýilleşdirilendigini aýtdy. Gruziýanyň Milli Ylymlar akademiýasynyň prezidenti öz gezeginde mundan beýläk hem hyzmatdaşlygy dowam etmäge taýýardygyny mälim etdi we Magtymguly Pyraga bagyşlanan halkara maslahaty geçirmegi teklip etdi. Akademik Roin Metreweli bular ýaly çäreler beýik türkmen şahyr-filosofik Magtymguly Pyragynyň baý edebi mirasynyň mundan beýläk-de öwrenilmegine we dünýäde giňden ýaýramagyna, şeýle hem medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna ýardam berjekdigine ynam bildirdi.
Taraplar iki ýurduň Ylymlar akademiýasynyň alymlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegi dowam etdirmek barada ylalaşdylar.


şu gün 18:54
268

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

şu gün 17:39
430

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......