"Türkmenistan" awiakompaniýasy Aşgabat - Kuala-Lumpur gatnawlaryna arzanlaşyk yglan etdi

  • 01.02.2024 17:42
  • 15k+

"Türkmenistan" awiakompaniýasy Aşgabat - Kuala-Lumpur - Aşgabat ugry boýunça ilkinji gatnawlaryna arzanlaşyk yglan etdi.

Awiakompaniýanyň resmi saýtynda habar berlişi ýaly, 2024-nji ýylyň 15-nji fewralyndan 30-njy marty aralygynda bu ugur boýunça awiabiletleri arzanladylan bahalardan satyn alyp bilersiňiz.

"Türkmenistan" awiakompaniýasy AGPJ tarapyndan 2024-nji ýylyň fewral aýynyň 15-inden mart aýynyň 30-yna çenli ýerine ýetiriljek Aşgabat - Kuala-Lumpur - Aşgabat ugry boýunça awiabiletlere arzanladyş yglan edilýändigi barada Size habar berýäris" diýlip habarda aýdylýar.

Türkmenistandan Malaýziýa gatnawlar hepdäniň her sişenbe we penşenbe günleri ýerine ýetiriler.
Awiabiletleri turkmenistanairlines.tm saýtyndan onlaýn hem satyn alyp bolar.


25.06.2026 23:36
5.5k+

Syýahatçylaryňky çüwmedi: Eýfel diňi möhletinden öň ýapyldy

Fransiýadaky aşa yssy howa birnäçe meşhur syýahatçylyk ýerleriniň iş tertibiniň üýtgemegine getirdi. Ilkinjileriň hatarynda adaty wagtyndan öň ýapylan bolsa, Pariždäki Eýfel diňi boldy....

23.06.2026 09:50
5k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6.2k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......