Türkmenistanyň we Özbegistanyň gümrük gulluklary maglumatlary alyşmagyň gurallaryny ornaşdyrýarlar

  • 30.01.2024 18:34
  • 12k+

Türkmenistanyň we Özbegistanyň gümrük gulluklarynyň harby gullukçylary ýükler barada deslapky maglumatlary alyşmak boýunça 23-25-nji ýanwarda geçirilen bilelikdäki okuw çäresine gatnaşdylar. Ol Farap awtoýollary (Türkmenistan) we Alat (Özbegistan) gümrük nokatlarynda geçirildi diýip, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň resmi saýty habar berýär.

Bu çäre Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirligi (UNODC) bilen Bütindünýä gümrük guramasynyň arasyndaky «Konteýnerli daşamalara gözegçilik etmek boýunça» Ählumumy maksatnamasynyň çäklerinde guraldy.
Bu çäre ýük awtoulagly daşamalarda harytlaryň bikanun dolanyşygynyň töwekgelçiligini azaltmak, onuň bilen bagly Port gözegçilik topar agzalarynyň hünärini ýokarlandyrmak we tejribelerini artdyrmak, şeýle hem iki döwletiň arasyndaky ähmiýeti uly bolan halkara ulag-üstaşyr geçelgesiniň ulag geçirijiligini ösdürmek boýunça serhetleşýän gümrük edaralarynyň alyp barýan işlerini utgaşdyrmak, bu ugurda gümrükçileriň özara gatnaşyklaryny giňeltmek maksatlaryna gönükdirilen.
Bütindünýä gümrük guramasynyň bilermeniniň alyp barmagynda guralan amaly okuw çäresiniň barşynda, oňa gatnaşyjylar şübheli ýükler boýunça dessine deslapky maglumat alyşmak, haryt ulag resminamalaryny we geçirilen ýükleriň gümrük barlagynyň netijelerini seljermek ýaly amallary wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly bilelikde geçirip, özara tejribe alyşdylar.


27.06.2026 19:38
5.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......