ÝB Hazarüsti ulag geçelgesiniň ösüşine 10 mlrd ýewro çenli maýa goýar

  • 30.01.2024 13:58
  • 7.7k+

Ýewropa we halkara maliýe institutlary Merkezi Aziýada durnukly ulag aragatnaşygynyň goldawyna we maýa goýumyna 10 mlrd ýewro bölüp berer. Bu barada Global Gateway maýa goýum forumynyň açylyşynda ÝB-niň söwda meseleleri boýunça komissary Waldis Dombrowskis habar berdi diýip, Report belleýär.

Iki günlük foruma Türkmenistanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň we Täjigistanyň hökümet wekilleri we ulag pudagynyň ýolbaşçylary, şeýle-de beýleki ýokary wezipeli adamlar gatnaşýar.
ÝB-niň komissary forumyň açylyş dabarasynda çykyş etmek bilen, Ýewropa Komissiýasynyň we Ýewropa Maýa goýum bankynyň Merkezi Aziýanyň sebitden ulag geçelgesini döretmek üçin strategiki ulag infrastrukturasyna 1,5 mlrd ýewro maýa goýmaga taýýardygyny aýtdy.

“Uzynlygy 11 müň km bolan ulag geçelgesi sebitlerimizi 15 gün ýa-da ondan hem az ýol dowamlylygy bilen birleşdirmeli. Biz bu geçelgäni bäsdeşlige ukyply etmeli. Biz anyk netijeleri gazanmak isleýäris. Şonuň üçin Ýewropa komissiýasy we Ýewropa Maýa goýum banky Merkezi Aziýanyň ulag mümkinçiliklerine 1,5 mlrd ýewro maýa goýmagy maksat edinýär” – diýip, Dombrowskis aýtdy.

Forumyň guramaçylary Hazarüsti ulag geçelgesini gysga möhletde Ýewropany we Merkezi Aziýany birleşdirýän döwrebap, multimodal we netijeli ugra öwürmegiň zerurdygyny ara alyp maslahatlaşdylar.


düýn 20:55
1.7k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......