Bernar Arno dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawynda birinji orna geçdi

  • 28.01.2024 17:12
  • 29k+

LVMH (Louis Vuitton Moet Hennessy) kompaniýalar toparynyň prezidenti Bernar Arno dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawynda Ilon Maskdan öňe geçip, birinji orny eýeledi. Bu barada “Forbes” žurnalyna salgylanyp, TASS habar berýär.

Onuň maglumatlaryna görä, Arnonyň baýlygy 21,6 mlrd dollar artdy we häzir 205,8 mlrd dollar bilen bahalandyrylýar.
Sanawda Ilon Mask ikinji orna düşdi, onuň Tesla we SpaceX kompaniýalarynyň umumy kapitaly 204,2 mlrd dollara barabar. Onuň yzyndan Amazon korporasiýasynyň esaslandyryjysy Jeff Bezos ($179,9 mlrd), Oracle korporasiýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Larri Ellison ($142,6 mlrd) we Meta korporasiýasynyň ýolbaşçysy Mark Sukerberg ($138,8 mlrd) gelýär. Şeýle-de, dünýäniň iň baý adamlarynyň ilkinji onlugyna Berkshire Hathaway holdinginiň ýolbaşçysy Uorren Baffet ($125,9 mlrd) we Microsoft kompaniýasynyň esaslandyryjysy Bill Geýts ($122,8 mlrd) girdi.


20.06.2026 10:45
3.8k+

SpaceX-iň IPO-sy köp adamy: ýokary derejeli menejerlerden başlap, adaty kebşirleýjilere we bäsdeşlere çenli baý etdi.

2026-njy ýylyň 12-nji iýunynda SpaceX aerokosmos kompaniýasy gazna biržasynda deslapky paýnama goýuş çäresini(IPO) geçirdi. Bu waka resmi taýdan onuň esaslandyryjysy Ilon Masky dünýäde ilkinji trillioner etdi.......

12.06.2026 13:09
9.5k+

Ilon Mask dünýäniň ilkinji trillioneri boldy: häzirlikçe diňe kagyz ýüzünde

Ilon Mask taryhda şahsy kapitalynyň möçberi 1 trillion dollardan geçen ilkinji adam boldy. «Reuters» habarlar agentliginiň mälim etmegine görä, bu SpaceX kompaniýasynyň paýnamalaryny Nasdaq biržasynda ilkinji......

10.05.2026 12:04
1.4k+

Mask Anthropic bilen ylalaşyk baglaşandan soň, xAI-niň aýratyn kompaniýa hökmünde ýapylýandygyny yglan etdi

Emeli aň işläp düzmek bilen meşgullanýan xAI kompaniýasy aýratyn gurluş hökmünde ýapylyp, SpaceX-iň AI bölümine öwrüler. Bu barada kompaniýanyň eýesi Ilon Mask X sosial media platformasynda habar berdi....

27.04.2026 23:00
2.5k+

Kazyýet Maskyň OpenAI-a garşy talaplarynyň bir bölegini ret etdi, kazyýet işi dowam edýär

Kazyýet Ilon Maskyň OpenAI kompaniýasyna we onuň esaslandyryjylaryndan biri bolan Sem Altmana garşy bildiren "kezzapçylyk" aýyplamalaryny ret etdi, emma beýleki aýyplamalar boýunça derňew işleri dowam eder. Bu......