Gurbanguly Berdimuhamedow Germaniýanyň “Goetzpartners Emerging Markets GmbH” kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy

  • 28.01.2024 12:42
  • 7k+

Arkadag şäherinde lukmançylyk klasterini döretmek boýunça yglan edilen halkara bäsleşiginde GFR-iň “Goetzpartners Emerging Markets GmbH” maslahat beriş kompaniýasy ýeňiji boldy. 27-nji ýanwarda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Germaniýanyň maslahat beriş kompaniýasynyň dolandyryjy direktory Wladimir Matias we bu kompaniýanyň uly geňeşçisi Hans Gerd Prödel bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda taraplar işlenip taýýarlanylan taslamany ýerine ýetirmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar diýip, TDH agentligi habar berýär.

Duşuşygyň barşynda Gurbanguly Berdimuhamedow bar bolan mümkinçilikleri netijeli peýdalanyp, ýurdumyzyň german tarapyndan hödürlenjek anyk tekliplere garamaga taýýardygyny belledi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ýurdumyzda daşary ýurtly hünärmenleriň, işewür düzümleriniň netijeli iş alyp barmaklary ugrunda ähli zerur şertleriň döredilýändigini belläp, türkmen tebigatynda, şol sanda Garagum sährasynda eksport ugurly harytlary öndürmek üçin ägirt uly çig mal serişdeler gorunyň bardygyna ünsi çekdi. Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän lukmançylyk enjamlary, saglygy goraýyş serişdeleri üçin ýurdumyzda ekologiýa taýdan arassa we hil babatda halkara görkezijilerine doly laýyk gelýän çig mal binýady döredildi.
GFR-iň “Goetzpartners Emerging Markets GmbH” maslahat beriş kompaniýasynyň ýolbaşçylary Arkadag şäherinde dörediljek lukmançylyk klasteriniň halkara derejesine eýe bolup, onda dürli görnüşli lukmançylyk serişdeleriniň önümçiliginiň diňe bir Türkmenistan üçin däl, eýsem, eksporta niýetlenendigini bellediler. Şunda Türkmenistanda bar bolan çig mal serişdeleriniň ulanylmagy önümiň ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa bolmagy bilen bir hatarda, ýurduň ykdysadyýetiniň kuwwatlanmagynda bolşy ýaly, türkmen-german gatnaşyklarynyň ösdürilmeginde möhüm orun eýelär.
GFR-iň iri kompaniýasynyň ýolbaşçylary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze ugurlaryny netijeli peýdalanmagyň ähmiýeti barada aýdyp, gatnaşyklary hemmetaraplaýyn işjeňleşdirmek boýunça öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda ähli zerur tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.


düýn 20:55
2.2k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......