Pakistanda Türkmenistanyň Prezidentiniň ilkinji kitaby tanyşdyryldy

  • 27.01.2024 17:48
  • 5.1k+

25-nji ýanwarda Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky ilçihanasynda bu ýurduň dürli şäherlerinde we obalarynda ýaşaýan owgan türkmenleriniň diasporasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň “Ýaşlar-Watanyň daýanjy” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.

Çykyş edenler Döwlet Baştutanymyzyň “Ýaşlar — Watanyň daýanjy” atly eseri ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady we medeni durmuşyna, ýurdumyzyň halkara giňişlikdäki abraýyny has-da belende galdyrmak boýunça amala aşyrylýan işlere işjeň gatnaşýan ýaşlar üçin ruhy goldaw boljakdygyny belläp geçdiler. Tanyşdyryş dabarada Türkmenistanyň Prezidentiniň ýaşlar syýasatyny durmuşa geçirmegi netijesinde ata-babalarymyzdan miras galan däp-dessurlar esasynda mynasyp ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek boýunça zerur bolan işleriň amala aşyrylýandygy, ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlara ählitaraplaýyn goldawlar berilýändigi hem aýdylyp geçildi.
Dabaranyň dowamynda 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi, ýylyň dowamynda halkara derejesinde akyldar şahyrymyzyň 300 ýyllygynyň bellenilmegine bagyşlanan çäreleriň geçirilmeginiň ähmiýeti barada pikir-alyşmalar geçirildi. Gatnaşyjylar Magtymguly Pyragynyň durmuşy we döredijiligi barada pikir alyşdylar we akyldar şahyrymyz bilen bagly fotosuratlar we wideo ýazgylar bilen tanyşdylar.
Dabaranyň ahyrynda Halkara TÜRKSOÝ-na agza döwletleriň tarapyndan 2024-nji ýylda “Türki dünýäniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilen Änew şäheri barada maglumat berildi.


düýn 20:55
1.6k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......