Daşkentde Türkmenistanyň 2024-nji ýyldaky şygaryna bagyşlanan brifing geçirildi

  • 27.01.2024 14:04
  • 2k+

25-nji ýanwarda Türkmenistanyň Özbegistandaky ilçihanasynda 2023-nji ýylyň jemlerine we 2024-nji ýylyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly diýlip yglan edilmegine bagyşlanan brifing geçirildi.

Bu çärä Daşary işler ministrliginiň, Özbegistanda akkreditlenen diplomatik wekilhanalaryň, döredijilik we ylmy intelligensiýanyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we talyp ýaşlar gatnaşdy.
Brifingiň dowamynda “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” şygary astynda geçen 2023-nji ýylyň dowamynda içeri we daşary syýasatynda möhüm wakalar bilen beslenen Türkmen döwletiniň ýeten sepgitleri bellenildi.
Şeýle hem, Türkmenistanyň Prezidentiniň “Ýaşlar – Watanyň daýanjy” atly türkmen ýaşlarynyň durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlarda alyp barýan işlerine we üstünliklerine bagyşlanan ilkinji kitabynyň diňe bir ösüp gelýän ýaş nesliň wekilleri üçin däl-de, eýsem ýurduň ähli raýatlary üçin ýankitabyna öwrülendigi barada bellenildi.
Mundan başga-da, çäräniň dowamynda türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli milli we halkara derejesinde birnäçe çäreleriň geçirilmegi göz öňünde tutulýan 2024-nji ýyl “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly diýlip yglan edilmeginiň möhümdigi bellenildi diýip, ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň Metbugat gullugy belleýär.


şu gün 18:54
268

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

şu gün 17:39
430

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......