Sem Altman ChatGPT üçin öz çip önümçiligini ýola goýmagy meýilleşdirýär

  • 27.01.2024 09:42
  • 2.4k+

ChatGPT grafiki prosessorlara (GPU) we beýleki ýokary öndürijilikli çiplere bolan islegi ep-esli ýokarlandyrdy. Olara isleg şeýle bir artdy welin, bar bolan üpjünçilik hatarlary ony kanagatlandyrmaga ýetişip bilmeýär. ChatGPT-niň döredijilerinden biri, OpenAI-yň öňki başlygy Sem Altman bu meseläni özbaşdak çözmek we öz önümçiligini ýola goýmak kararyna geldi diýip, Business Insider-e salgylanýan Inc. habar berýär.

Häzirki wagtda bu çipler emeli aň prosessorlar bazaryna gözegçilik edýän birnäçe kompaniýa tarapyndan öndürilýär. Nvidia H100 grafiki prosessorlaryna (GPU) – iň gerekli bölege bolan islegiň ýokarylygy sebäpli iň uly kuwwata eýe bolup, olaryň hersiniň bahasy 40 000 dollardan ýokary bolup biler.
Bloomberg çeşmesiniň habar bermegine görä, Altman iri maýadarlary täze AI çip kärhanasyny goldamaga çekmek isleýär, bu bolsa kompaniýasyna çip üpjünçiligine has köp gözegçilik etmäge mümkinçilik bererdi.
Adatça, Nvidia ýaly kompaniýalar diňe çipleri işläp taýýarlaýarlar we Taýwanyň TSMC we Intel ýaly gymmat hem-de çylşyrymly önümçilik zawodlaryny dolandyrýan hünärmenlere önümini berýärler. Ýöne birnäçe tehnologiýa kompaniýalary özlerini ösdürip başladylar. Mysal üçin, noýabr aýynda Microsoft uly dil modeli (LLM) okuwyny göz öňünde tutup döredilen täze Azure Maia AI çipini hödürledi. Şol bir wagtyň özünde, Google şuňa meňzeş maksat bilen täze çip dizaýnyny hödürledi.
Uly korporasiýalaryň köpüsiniň mümkin boldugyça köp çip almak üçin göreşýändikleri bellendi. Şeýlelikde, Mark Sukerberg 2024-nji ýylyň ahyryna çenli jemi 18 milliard dollarlyk grafiki prosessor satyn almak meýilnamasyny yglan etdi.


31.05.2026 18:06
2.2k+

NYT: Anthropic dünýäniň iň gymmat emeli aň startapy boldy

Anthropic kompaniýasy bazar bahasy boýunça özüniň iň esasy bäsdeşi bolan OpenAI kompaniýasyny yzda galdyryp, dünýäniň emeli aň maksatly iň gymmat startapyna öwrüldi. Bu barada Amerikanyň meşhur The New York......

20.05.2026 15:31
1k+

Intel Formula-1-de McLaren-yň hasaplaýyş serişdeleri boýunça hyzmatdaşy boldy

Intel korporasiýasy we McLaren Racing topary strategik hyzmatdaşlygyň başlanýandygyny yglan etdiler, onuň çäginde amerikan kompaniýasy Formula-1 toparynyň hasaplaýyş hyzmatdaşy bolar....

15.05.2026 10:46
1.8k+

Alibabanyň peýdasy 84% peselse-de,emeli aňa goýlan maýa goýumlaryň miweleri «düwüp» başlady

Hytaýyň tehnologiýa ägirdi Alibaba geçen ýyl bilen deňeşdireniňde, kompaniýanyň arassa peýdasynyň 84% aşak düşüp, 5,1 milliard ýuana (750,9 million dollar) çenli azalandygyny mälim etdi. Emma muňa garamazdan,......

11.05.2026 18:18
1.2k+

Alibaba haryt gözlegini emeli aň bilen gürrüňdeşlige öwürýär

Alibaba kompaniýasy özüniň «Taobao» we «Tmall» elektron söwda platformalaryny täzelemäge taýýarlanýar. Kompaniýa haryt saýlamak we satyn almak işini gürrüňdeşlik arkaly amala aşyrmak üçin Qwen atly emeli aň......