Türkmenistanyň we Russiýanyň gümrük gulluklary 2024-nji ýyl üçin hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny kesgitlediler

  • 26.01.2024 22:17
  • 7.2k+

Ýakynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal gümrük gullugynyň arasynda 2023–2024-nji ýyllar üçin bilelikdäki iş meýilnamasynyň çäginde bilelikdäki işçi toparyň wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň resmi saýty habar berýär.

Duşuşygyň maksady 2023-nji ýylda özara hereketiň netijelerini jemlemek we 2024-nji ýyl üçin hyzmatdaşlygyň esasy maksatlaryny kesgitlemekden ybarat boldy.
Duşuşygyň dowamynda kärdeşler ýönekeýleşdirilen gümrük geçelgesini döretmek, deslapky maglumat alyşmagy guramak we Ygtyýarly Ykdysady operatorlary özara ykrar etmek boýunça ikitaraplaýyn şertnamalara gol çekmek meselesini ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşygyň gün tertibinde taraplaryň okuw edaralarynyň işgärleriniň duşuşygyny hem-de okuw çärelerini ýakyn wagtda guramak meselesi, şonuň ýaly-da birek-birek bilen tejribe alyşmak maksady bilen iki tarapyň wekiýetleriniň özara saparlaryny guramak meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Taraplar, duşuşygy jemläp, özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmek barada ynamyny bildirdiler. 


27.06.2026 19:38
5.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......