Google emeli aň çipleri bilen bagly 1,67 mlrd dollarlyk kazyýet dawasyny çözdi

  • 26.01.2024 17:17
  • 5k+

Korporasiýanyň emeli aň tehnologiýasy üçin ulanýan çiplerine patent hukugynyň bozulmagy bilen baglanyşykly kazyýet işinde Google parahatçylyk ylalaşygyny gazanmagy başardy diýip, Reuters habarlar gullugy habar berýär.

Kazyýet işi Singular Computing kompaniýasynyň arzasy boýunça geçýän kazyýetiň gutarnykly diňlenişiginiň başlanjak güni çözüldi. Arza beriji maglumatlary kompýuterde gaýtadan işlemekdäki täzeliklerini birugsat ulanandygy üçin Google-dan 1,67 milliard dollarlyk zyýanyň öwezini dolmagy talap etdi. Hususan-da, Singular korporasiýanyň tehnologiýasyny Google Search, Gmail, Google Translate we beýleki kompaniýa hyzmatlarynda AI aýratynlyklaryny goldaýan prosessorlara goşandygyny nygtady. Singular-yň 2019-njy ýyldaky arzasynda kompaniýanyň esaslandyryjysy, Massaçusets ştatynyň kompýuter alymy Jozef Beýtsiň 2010-njy we 2014-nji ýyllar aralygynda kompýuter gaýtadan işleýiş täzeliklerini Google bilen paýlaşandygy aýdylýar.
Singular-yň pikiriçe, tehnologiýa ägirtleriniň emeli aň mümkinçiliklerini giňeldýän Google-yň datçik prosessorlary Beýtsiň tehnologiýasyny göçürýär we iki patenti bozýar.
Google-yň we Singular-yň aklawçylary şertnamany tassykladylar, ýöne jikme-jiklikleri ýaýratmadylar.
Google-yň wekili Hose Kastaneda kompaniýanyň Singular-yň patent hukuklaryny ​ bozmaýandygyny we "bu işiň çözülendigine begenýändigini" aýtdy.


31.05.2026 18:06
2.1k+

NYT: Anthropic dünýäniň iň gymmat emeli aň startapy boldy

Anthropic kompaniýasy bazar bahasy boýunça özüniň iň esasy bäsdeşi bolan OpenAI kompaniýasyny yzda galdyryp, dünýäniň emeli aň maksatly iň gymmat startapyna öwrüldi. Bu barada Amerikanyň meşhur The New York......

29.05.2026 16:32
1.4k+

Google «Googlebook» noutbuklarynyň arzan görnüşlerini çykarar

Google kompaniýasy ozal «Android» goşundylaryny goldaýan we «Gemini» emeli aň funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan premium segmentli enjamlar hökmünde tanyşdyrylan «Googlebook» noutbuklarynyň has elýeterli......

20.05.2026 15:31
987

Intel Formula-1-de McLaren-yň hasaplaýyş serişdeleri boýunça hyzmatdaşy boldy

Intel korporasiýasy we McLaren Racing topary strategik hyzmatdaşlygyň başlanýandygyny yglan etdiler, onuň çäginde amerikan kompaniýasy Formula-1 toparynyň hasaplaýyş hyzmatdaşy bolar....

17.05.2026 09:49
2.3k+

Google dünýäniň iň gymmat 10 brendiniň başyny çekýär. Galan 9 haýsylar?

Kantar kompaniýasynyň çap eden «BrandZ Top 100 Most Valuable Global Brands 2026» atly reýtingine görä, bu ýyl Google soňky dört ýylda ilkinji gezek Apple kompaniýasyndan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat brendi......