Aşgabatda Gid-terjimeçi hünäri boýunça gysga möhletleýin okuwlaryň nobatdaky möwsümine ýazylyşyk başlandy

  • 25.01.2024 17:30
  • 18k+

Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebi «Gid-terjimeçi» hünäri boýunça gysga möhletleýin okuwlaryň nobatdaky tapgyryna ýazylyşygyň başlanandygyny yglan etdi.

 

Türkmenistan özboluşly, gaýtalanmajak medeni mirasa, tebigy hem taryhy ýadygärlikleriň giň toplumyna eýe. Ýurdumyzyň gözel künjekleri, taryhy ýerleri dünýä jahankeşdelerini özüne çekýär. Soňky ýyllarda Türkmenistana daşary ýurtlardan gelýän syýahatçylyk akymlarynyň artmagy bilen, bu ugurda edilýän hyzmatyň hilini ýokarlandyrmak babatda işler durmuşa geçirilýär. Şeýle işleriň hatarynda daşary ýurtly syýahatçylara ýolbeletçilik etjek hünärmenleri taýýarlamak işine aýratyn üns berilýär.
Şonuň çäklerinde Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebi «Gid-terjimeçi (syýahatçylyk pudagynda)» hünäri boýunça ýolbeletleri taýýarlaýan gysga möhletleýin okuwlaryna ýazylyşyklaryň dowam edýändigini habar berýär.

 

Bu okuwlaryň barşynda syýahatçylyk ugurlary, syýahatçylyk pudagynyň aýratynlyklary, ekskursiýa işiniň özboluşlylygy hem-de hünäriň etikasy bilen bagly bilimler berilýär. Dil taýýarlygyna aýratyn üns berilýär.
Okuwlaryň dowamlylygy — 3 aý.

+99312 36-48-15;
+99365 96-66-13
Giňişleýin maglumat üçin:
www.syyahatohom.edu.tm


25.06.2026 23:36
5.7k+

Syýahatçylaryňky çüwmedi: Eýfel diňi möhletinden öň ýapyldy

Fransiýadaky aşa yssy howa birnäçe meşhur syýahatçylyk ýerleriniň iş tertibiniň üýtgemegine getirdi. Ilkinjileriň hatarynda adaty wagtyndan öň ýapylan bolsa, Pariždäki Eýfel diňi boldy....

23.06.2026 09:50
5k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6.2k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......