Beýik Britaniýadaky uniwersitetinde umumy sapaklary gologrammalar geçip başlar

  • 25.01.2024 16:48
  • 4k+

Angliýanyň Lafboro uniwersiteti AI esasly hakyky gologrammalary döretmek üçin enjamlary ulanyp, leksiýalary geçirip başlar. Bu uzakdaky mugallymyň hakyky barlygynyň täsirini döreder diýip, Kiratas-a salgylanýan Ferra habar berýär.

Ýokary okuw mekdebi eýýäm şu ýyl gologramma döretmek üçin tehnologiýany synag režiminde ulanmagy meýilleşdirýär. Bu enjam Amerikanyň immersiw tehnologiýa öndürijileri bolan Proto-nyň we Holoconnects-yň bilelikdäki taslamasydyr. Ol diňe bir uzak aralykdan sapak berýän lektorlaryň däl, eýsem ozal ýaşap geçen meşhur alymlaryň, mysal üçin, Albert Eýnşteýniň hakyky barlygyny meňzetmäge ukyply.
Sapaklary Massaçusets Tehnologiýa Institutyndan (MIT) çagyrylan mugallymlar geçerler. Ilki bilen bu tehnologiýa “Modanyň” ugruny öwretmek üçin ulanylar.
Akylly immersiw enjamlary ulanýan sapaklary 2025-nji ýylda okuw meýilnamasyna girizmek meýilleşdirilýär. Şeýle-de bolsa, Lafboro meşhur we bireýýäm dünýäden öten adamlaryň sanly şekillerini synp otagyna girizmek üçin geljekde tehnologiýany yzygiderli ulanmagy maksat edinýändigini entek tassyklamady.


27.02.2026 12:04
3.3k+

Türkmenistan we Beýik Britaniýa bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça dört resminama gol çekdi

Londonda Türkmenistan bilen Beýik Britaniýanyň bilim ulgamyndaky amaly hyzmatdaşlygynyň binýadyny emele getirýän dört resminama gol çekmek dabarasy boldy. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrligi habar berýär...

26.02.2026 22:40
4.8k+

Londonda Türkmenistan bilen Britaniýanyň bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygynyň täze ugurlaryna seredildi

25-nji fewralda Londonda Türkmenistanyň wekiliýeti Britaniýanyň abraýly uniwersitetleriniň, degişli guramalaryň we halkara bilim kompaniýalarynyň wekilleri bilen duşuşyklary geçirdi. Gepleşiklerde türkmen tarapyna Bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýew wekilçilik etdi...

31.01.2026 18:16
2.4k+

Türkmenistanyň bilim ulgamynyň wekilleri Kembrije okuw saparyny amala aşyrdy

25-31-nji ýanwar aralygynda Türkmenistanyň bilim ulgamynyň wekilleri Angliýanyň Kembrij şäherine okuw saparyny amala aşyryp, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçy işgärleri üçin niýetlenen hünär kämilleşdiriş okuwlaryna gatnaşdy...

27.01.2026 09:21
1.1k+

ChatGPT Edu Gazagystanyň milli bilim ulgamyna integrirlener

​Gazagystanyň Sanly ösüş, innowasiýalar we aerokosmos senagaty ministrligi ChatGPT Edu bilim guralynyň milli bilim ulgamyna ornaşdyrylýandygyny yglan etdi. Bu karar ýurduň orta we ýokary okuw mekdeplerine degişlidir...