Raşid Meredow Türkmenistanyň ÝHHG bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça teklipleri hödürledi

  • 19.01.2024 22:51
  • 5.5k+

Wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow 19-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmek meseleleri barada hasabat berdi.

Serdar Berdimuhamedowyň garamagyna ÝHHG bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek babatda birnäçe teklipler hödürlenildi.
Hususan-da parahatçylygy, howpsuzlygy berkitmekde we durnukly ösüşi üpjün etmekde Bitaraplygyň ornunyň ähmiýetini açyp görkezmek maksady bilen, «Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde howpsuzlygy pugtalandyrmakda we ynamy berkitmekde bitarap ýurtlaryň orny» atly halkara maslahatyny şu ýylyň birinji ýarymynda Aşgabatda geçirmek teklip edildi.  Bu çärä ÝHHG agza ýurtlaryň hemişelik wekillerini çagyrmak göz öňünde tutulýar.
Maslahata gatnaşyjylara ýurdumyz tarapyndan öňe sürülýän «Ählumumy howpsuzlyk strategiýasynyň» esasy ugurlaryny, şeýle hem ýüze çykýan dürli halkara ýagdaýlary syýasy-diplomatik ýollar arkaly çözmekde bitaraplygyň wajyp gurallaryny ulanmak, syýasy dialogyň medeniýetini dikeltmek ýaly meselelere seretmäge mümkinçilik dörediler.
Mundan başga-da Türkmenistanyň ÝHHG bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmek we giňeltmek maksady bilen şu ýylyň mart aýynda 4 bu Guramanyň Baş sekretarynyň Türkmenistana saparyny guramak baradaky teklip beýan edildi.
Şeýle hem Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlamentara Assambleýasynyň çäklerinde terrorçylyga garşy alnyp barylýan işlere işjeň gatnaşmak hem-de bu Assambleýanyň çäklerinde hereket edýän Terrorçylyga garşy hereket etmek boýunça Komitetiniň çäklerinde hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen, şu ýylyň aprelinde bu Assambleýanyň wise-prezidenti we Komitetiň başlygy Reýnhold Lopatkanyň Türkmenistana saparyny guramak teklibi öňe sürüldi.
Wise-premýer, daşary işler ministri Türkmenistanyň bitaraplyk syýasatyny parlament agzalarynyň üsti bilen goldamak babatynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin  şu ýylyň maý aýynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň sebitleýin duşuşygyny Aşgabatda geçirmek baradaky teklibi beýan etdi.
Serdar Berdimuhamedow beýan edilen teklipleri makullady hem-de ýurdumyzyň abraýly halkara guramalary, şol sanda ÝHHG bilen gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn ösdürmegiň döwletimiziň daşary syýasatynyň biri bolup durýandygyny belledi.
Döwlet Baştutany ÝHHG bilen hyzmatdaşlygy ähli ugurlar boýunça mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň wajypdygyna ünsi çekip, wise-premýer, daşary işler ministrine meýilleşdirilen çäreleriň ählisiniň ýokary derejede guralmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.


düýn 20:55
1.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......