Türkmenistan nebitgaz ulgamynda Eýranyň netijeli tekliplerini goldamaga taýýar – Serdar Berdimuhamedow

  • 18.01.2024 21:32
  • 15k+

Türkmen tarapy nebitgaz ulgamynda netijeli teklipleri hem-de başlangyçlary goldamaga taýýar. Bu barada Prezident Serdar Berdimuhamedow Aşgabada gelen Eýran Yslam Respublikasynyň nebit ministri Jawad Owji bilen geçiren duşuşygynda belledi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.

Duşuşygyň barşynda nebitgaz ulgamyndaky hyzmatdaşlyk bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Umumy pikire görä, bu ulgamda hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek üçin täze mümkinçilikler açylýar. 
Bu ugurda hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini we usullaryny gözlemek hem-de iş ýüzünde amala aşyrmak boýunça özara pikir alyşmalaryň peýdaly boljakdygyna ynanýaryn diýip, Serdar Berdimuhamedow nygtady we türkmen tarapynyň netijeli teklipleri hem-de başlangyçlary goldamaga taýýardygyny tassyklady.
Işjeň, netijeli ýagdaýda geçen duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň hoşniýetli goňşuçylyk, dost-doganlyk we deňhukuklylyk ýörelgeleri esasynda ýokary derejede alnyp barylýandygy kanagatlanma bilen bellenildi. 
Iki ýurduň dürli derejedäki hökümet wekiliýetleriniň amala aşyrýan iş saparlary, şeýle hem geçirilýän maslahatlaşmalar we gepleşikler hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna uly goşant goşýar. 
Bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Eýranyň arasynda söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag we aragatnaşyk, gurluşyk, oba hojalygy ýaly pudaklarda netijeli gatnaşyklar ösdürilýär, hususy ulgamyň wekilleriniň arasyndaky gatnaşyklar has-da berkeýär.  


düýn 16:07
1.9k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.3k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....