Raşid Meredow Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Margaritis Şinas bilen duşuşdy

  • 18.01.2024 14:57
  • 5.1k+

17-nji ýanwarda daşary syýasat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Margaritis Şinas bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny we ony ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunda howpsuzlyk, sanly ulgam, suw hojalygy, ulag we bilim ugurlarynda gatnaşyklary giňeltmegiň meselelerine aýratyn üns berildi diýip, Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.
Taraplaryň ikitaraplaýyn esasda, şeýle-de “Ýewropa Bileleşigi-Merkezi Aziýa” formatynda ýola goýulan uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine gyzyklanmasynyň bardygy bellenildi.
Duşuşygyň gün-tertibiniň aýratyn meselesi hökmünde medeni-ynsanperwer gatnaşyklary çuňlaşdyrmak çykyş edip, bu babatynda bilim we ylym ulgamynda anyk çäreleriň geçirilmegini gazanmaklyga üns çekildi.
Taraplar 2024-nji ýylyň 29-30-njy ýanwarynda geçirilmegi meýilleşdirilýän Maýa goýum boýunça ýokary derejeli Forumyň meseleleri barada pikir alyşdylar.
Taraplar Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň gatnaşmagynda geçirilmegi meýilleşdirilýän möhüm çäreleri hem maslahatlaşdylar. Bu ugurda şu ýylda Türkmenistanda geçirilmegi meýilleşdirilýän “Merkezi Aziýa-Ýewopa Bileleşigi” formatyndaky nobatdaky ministrleriň duşuşygyny ýokary derejede geçirmeklige we oňa taýýarlyk görmeklige aýratyn üns berildi.


14.05.2026 19:01
1.8k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1.1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

09.05.2026 15:30
2.5k+

Ýewropa Bileleşigi 2050-nji ýyla çenli garyplygy doly ýok etmegi maksat edinýär

Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Roksana Mynzatu Ýewropa Bileleşiginiň  taryhynda ilkinji gezek taýýarlanan ýörite strategiýa arkaly 2050-nji ýyla çenli garyplygy doly ýok etmek isleýändiklerini mälim......

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......