Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Margaritis Şinasy kabul etdi

  • 18.01.2024 09:18
  • 7.8k+

17-nji ýanwarda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Margaritis Şinasy kabul etdi. 

Serdar Berdimuhamedow özara gyzyklanma bildirilýän köpugurly hyzmatdaşlygyň oňyn ösüşine kanagatlanma bildirip, sebit derejesinde “Merkezi Aziýada durnukly energetika gatnaşyklary” (SECCA), “Merkezi Aziýada oýlap tapyjy ýaşlar üçin dialog we hereket” (DARYA) atly taslamalaryň, Merkezi Aziýada serhetleri dolandyrmaga ýardam bermek Maksatnamasynyň (BOMCA-10), Merkezi Aziýada neşe serişdeleriniň ýaýradylmagynyň öňüni almak Maksatnamasynyň (CADAP) üstünlikli durmuşa geçirilýändigini aýtdy. Şunuň bilen birlikde, häzirki wagtda Ýewropanyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň milli ykdysadyýetimiziň köp pudaklarynda — nebitgaz, elektroenergetika, gurluşyk, aragatnaşyk, kommunikasiýa ugurlarynda iş alyp barýandygy bellenildi.
Söhbetdeşligiň barşynda esasy ugurlary we bar bolan mümkinçilikleri hasaba almak bilen, özara hyzmatdaşlygyň geljegi barada gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany öňde boljak Ýewropa Bileleşigi bilen Merkezi Aziýanyň arasynda durnukly ulag boýunça maýa goýum forumynyň geçirilmeginiň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi. Bu forumy şu ýylyň ýanwar aýynyň ahyrynda Brýussel şäherinde geçirmek meýilleşdirilýär. Döwlet Baştutany ulag-logistika ulgamynyň Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň gün tertibinde geljegi uly ugurlaryň biridigini nygtap, ýurdumyzyň forumyň işine işjeň gatnaşjakdygyny belledi.
Türkmenistanyň Prezidenti maýa goýum forumynyň üstünlikli geçirilmegini arzuw edip, onuň netijeleriniň Hazarüsti ulag geçelgesiniň Ýewropany we Merkezi Aziýany birleşdirýän multimodal, häzirki zaman, durnukly we tiz ugra öwrülmegine goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.
Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti netijeli duşuşyk üçin döwlet Baştutanyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ýurdumyz bilen hyzmatdaşlykda Ýewropa Bileleşiginiň täzeçil çemeleşmeleriniň bilelikdäki işleriň netijeliligini mundan beýläk-de artdyrmak üçin berk binýat bolup hyzmat edýändigini belledi.


düýn 16:07
1.7k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.2k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 21:16
5.4k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....