Ýapon biologlary ösümlikleriň “özara gepleşigini” ýazga almagy başardylar

  • 17.01.2024 15:21
  • 9.4k+

Ýaponiýanyň Saýtama uniwersitetiniň molekulýar biologlary adaty bolmadyk synag geçirdi we şol döwürde ösümlikleriň “özara gepleşigini” fluoresent mikroskopy arkaly surata düşürip bildiler diýip, ScienceAlert žurnalyna salgylanýan Mir-24 habar berdi.

Gözlegçiler ösümlikler özara aragatnaşyk saklanlarynda, ýagny biri-biri bilen “gepleşenlerinde” ýörite uçýan birleşmeleri bölüp çykarýandygyny anykladylar.
Synag geçirmek üçin alymlar kelem maşgalasynyň ownuk gülli ösümlikleri bolan Arabidopsis thaliana görnüşiniň birnäçe wekilini aldylar. Reaksiýalary görmek üçin olary birneme reňkläp, biri-birine golaý ýerleşdirdiler.
Ondan soň gözlegçiler käbir synag nusgalaryna bilkastlaýyn zeper ýetirdiler. Hususan-da, iýsin diýip ýapraklara gurçuklary goýberdiler. Şonda özüne zeper ýeten ösümlikler işjeň ýagdaýda uçýan maddalary çykaryp başladylar we golaýdaky zeper ýetmedik ösümlikler muňa duýgur “seslendiler”. Olar ýaralanan doganlarynyň habarlaryny kabul etdiler we köp sanly kalsiý signallary bilen jogap berdiler diýip, neşiriň habarynda aýdylýar.


düýn 20:31
2.7k+

Rekord derejeli magnit tupany Ýeriň öz goragyny nädip gowşadýandygyna düşünmäge kömek etdi

2024-nji ýylyň maýynda planeta inen we soňky ýigrimi ýylda iň güýçlüsi bolan magnit tupany ýaponiýaly fiziklere möhüm açyş etmäge kömek etdi. Alymlar geomagnit tolgunmalary wagtynda Ýeriň tebigy magnit......

27.06.2026 10:53
2k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

27.06.2026 09:54
5.1k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.8k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......