Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky gazna çagalaryň operasiýalaryna serişde bölüp berdi

  • 16.01.2024 15:57
  • 14k+

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy Türkmenistanyň dürli welaýatlaryndan gelen çagalara operasiýalary etmek üçin serişde bölüp berdi.

Ýakynda Arkadag şäherindäki köpugurly hassahanada oňurga kesellerinden ejir çekýän Aşgabatdan we Balkan welaýatyndan gelen çagalara tapgyrlaýyn operasiýalar geçirildi. Daşoguz hem-de Lebap welaýatlaryndan gelen doga daýanç-hereket agzalary kemisli çagalara Enäniň we çaganyň saglygyny goramak ylmy-kliniki merkeziniň hünärmenleri ortopediki we hirurgiki operasiýalary üstünlikli geçirdiler.
Mundan başga-da, Halkara lukmançylyk merkezleriniň müdirliginiň Kardiologiýa halkara merkeziniň lukmanlary Lebap, Daşoguz we Mary welaýatlaryndan dogabitdi ýürek kemisli üç çaga ýürek operasiýasyny geçirdiler.
Has çylşyrymly operasiýalardan soň kiçijik näsaglaryň ýagdaýy kanagatlanarly. Çagalaryň ene-atalary Türkmenistanyň Prezidentine we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna aladasy hem-de ýardamy üçin hoşallyk bildirdiler diýip, "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär.


20.06.2026 12:08
7.5k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.4k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......