Türkmen lukmany antibiotiklerden peýdalanmagyň düzgünleri barada gürrüň berdi

  • 11.01.2024 16:41
  • 12k+

Antibiotikler bakteriýalardyr beýleki mikroblaryň köpelmegini togtadýan maddalardyr. Olar täsiri boýunça iki topara bölünýär. Birinjisi bakterisidler bolup, onuň işjeň maddalary bakteriýalary doly ýok edýär. Şeýle güýçli dermanlar kabul edilenden soň, adam bedenindäki kesel dörediji mikroflora aýrylýar. Ikinjisi bakteriostatikler bolup, ol bakteriýalaryň ösüşini we ýaýramagyny togtadýar. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde çap edilen makalada aýdylýar.

Antibiotikler, esasan, pnewmoniýany, inçekeseli, salmonellezi we beýleki keselleri bejermekde giňden ulanylýar. Olary ulanmagyň düzgünini kesel bejeriji lukman kesgitleýär. Häzirki döwürde antibiotikler birnäçe tapgyrda ulanylýar. Bu ýagdaý mikroblaryň antibiotiklere durnuklylygy bilen baglydyr. Mikroblar ozalky antibiotiklere gowy uýgunlaşandan soňra, olaryň täze tapgyryny ulanmaly bolýar.
Antibiotikler bakteriýalara garşy dermanlardyr. Emma, gelip çykyşynyň tapawutlydygy sebäpli, olaryň wiruslara garşy hiç hili täsiri ýokdur. Agyrlaşmadyk wirusly ýokanç kesellerde antibakterial dermanlary ulanmak peýda bermeýär. Şeýle ýagdaýlarda wiruslara garşy dermanlar has netijelidir.
Aslynda, gadym döwürlerde antibiotikleriň ornuny tutýan sogan, sarymsak, gyzyl burç ýaly gök önümler ulanylypdyr. Bu önümler häzirki wagta çenli hem öz ähmiýetini saklap gelýär. Antibiotikleri ajöze içmek bolmaýar, çünki ol aşgazanyň nemli bardasyna zyýanly täsir edýär. Ony bir bulgur suw bilen içmeli. Şeýle hem antibiotikler içilende, berhiz saklamak maslahat berilýär. Öte süýji miweleri, ýagly, gowrulan naharlary iýmek maslahat berilmeýär.
Antibiotikler bilen kesel bejerilýän wagty süýt önümlerini çäklendirmeli. Sebäbi olaryň düzümindäki köp möçberdäki kalsiý dermanyň netijeliligini peseldýär. Antibiotikler içilýän we bejergiden soňky döwürde probiotikler we tebigy probiotikler ýaly ýörite dermanlary içmeli.
Antibiotikler kabul edilende ulanylýan iň gowy tebigy probiotikleriň hatarynda kösükli, däneli iýmitleri, miweleridir dürli peýdaly otlary, duza ýatyrylan kelemi we başga-da ençeme önümleri görkezmek bolar.
Antibiotikleriň käbir keselleri bejermekde täsiriniň güýçli bolşy ýaly, olaryň zyýanly taraplarynyň bardygyny hem bellemek gerek. Bularyň ulanylmagy disbakterioza, ýagny içege mikroflorasynyň kadaly düzüminiň we işleýşiniň bozulmagyna getirip biler. Giňişleýin täsirli antibiotikler dürli bakteriýalaryň ençemesine garşy netijeli bolsa-da, aşgazan-içege ýolundaky peýdaly bakteriýalaryň 30 göterimini ýok edip biler.
Şeýle hem antibiotikler kömelek ýokançlarynyň döremegine sebäp bolup biler. Kömelekler aşgazan-içege ýollarynyň nemli bardasyna, şeýle hem deri we peşew bölüp çykaryş, jyns ulgamyna zeper ýetirip biler. Şonuň üçin, islendik derman serişdeleri ýaly, antibiotikleri hem oýlanyşykly, diňe lukmanyň gözegçiliginde ulanmaly.

“Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda beýan edilýän çopantelpek, düýedaban, ajy ýowşan, boýbodran, atgulak ýaly ösümlikler tebigy antibiotikleriň bir bölegidir” diýip,  Aşgabat şäherindäki Neşekeşligiň, arakhorlugyň we ruhy keselleriň öňüni alyş merkeziniň lukmany Akbibi Täçmämmedowa makalada belleýär.


15.06.2026 12:32
5.6k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.6k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.3k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

05.06.2026 17:46
2.8k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......