Türkmenistanyň ilçisi Özbegistanyň DIM-niň ýolbaşçysynyň orunbasary bilen duşuşdy

  • 06.01.2024 14:07
  • 4.7k+

Özbegistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Rahmatulla Nurimbetow Türkmenistanyň ilçisi Şadurdy Meredow bilen duşuşyp, hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny maslahatlaşdy. Bu barada Özbegistanyň DIM-niň saýty habar berýär.

Duşuşykda hususan-da, syýasy-diplomatik, söwda we maýa goýum, ulag-logistika, medeniýet, syýahatçylyk ugurlarynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi hem-de halkara guramalaryň çäklerindäki özara gatnaşyklar ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle hem, Türkmenistanyň ilçisi Şadurdy Meredow Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministriniň orunbasary Rahmatulla Nurimbetow bilen parlamentara we sebitara gatnaşyklary işjeňleşdirmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdy hem-de 2024-nji ýylda meýilleşdirilýän çäreleriň tertibi bilen tanyşdy.


düýn 19:01
901

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......