Gurbanguly Berdimuhamedow BAE iş saparyny tamamlap, Aşgabada geldi

  • 06.01.2024 08:51
  • 14k+

5-nji ýanwarda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirliklerine iki günlük iş sapary tamamlandy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri BAE iş saparyny tamamlap, Dubaý şäheriniň Halkara howa menziline bardy we şol ýerden Türkmenistana ugrady.
Aşgabadyň Halkara howa menzilinde Gurbanguly Berdimuhamedowy resmi adamlar we BAE-niň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekili garşyladylar. Diplomat türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy saparyň üstünlikli tamamlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlap, geçirilen duşuşyklaryň we gepleşikleriň çäklerinde gazanylan ähli ylalaşyklaryň iki ýurduň, olaryň doganlyk halklarynyň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy hem-de dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdi.


düýn 17:39
1.2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.4k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......